SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Tailand hem «waksinaçy» boldy

Koronowirus pandemiýasyna garşy nobatdaky waksina tailandly alymlar tarapyndan taýýarlanyldy. Bu hakda ýurduň metbugat sahypalary waksinany işläp taýýarlan gurluşa salgylanyp habar berdi.

Häzir ýurduň hökümeti ýerli waksinanyň kliniki synaglaryna badalga berdi. Aýdylyşyna görä, waksinany döwlet farmasewtika kompaniýasy «Mahidol» uniwersitetiniň lukmançylyk kafedrasy we ABŞ-nyň birnäçe lukmançylyk gurluşlary bilen bilelikde taýýarlady.

Häzirki günlerde waksinanyň ilkinji kliniki synaglaryna 460 meýletinçi gatnaşýar. Synaglaryň ikinji tapgyry bolsa şu ýylyň iýul aýynda başlar.

Waksina dolulygyna indiki ýyldan peýdalanylyp başlanar.

https://www.atavatan-turkmenistan.com/russiyanyn-taze-sanjymy-rayat-dolanysygyna-cykyar/

Related posts

Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna çagalara kardiohirurgiki we urologiki operasiýalar geçirildi

12 sagatda 566 million agaç ekildi

Hytaý Türkmenistana 5 million sany waksina iberýär

Ata Watan Eserleri