SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Ýewropa koronawirusyň soňky tapgyrynda

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa boýunça ýolbaşçysy Hans Klýuge Ýewropanyň pandemiýada “kabul ederlikli soňky tapgyra” gadam basandygyny mälim etdi. Klýuge “Kowid-19” sebäpli aradan çykýan adamlaryň sanynyň azalandygyny belledi.

Hans Klýuge, Daniýanyň paýtagty Kopengagende koronawirus ýokanjy barada beýanat berdi.

“Euronews” teleýaýlymynyň habarlaryna görä, BSGG-niň ýolbaşçysy sanjym we tebigy ýokaşma sebäpli immunitetiň ýokary derejesi, wirusyň yssy howada ýaýramagynyň pes derejede bolmagy, “Omikron” görnüşiniň täsiriniň pesdigini nazarda tutup, pandemiýany gözegçilik astyna almagyň mümkinçiliginiň ýokarlanandygyny habar berdi.

Ýewropada gyş döwrüniň tamamlanmagy bilen wirusyň bahar paslynda ýaýramak depginini pese gaçjakdygyny bellän Klýuge gyşa garanyňda, bahar paslynda gaty bir kynçylyk bolmajakdygyny mälim etdi.

“Omikron” görnüşinden başga-da görnüşleriň ýüze çykyp biljekdigini aýdan Klýuge jemgyýetçilik saglygynyň güýçlendirilmegi we köpçülikleýin sanjymyň aýgytly derejede alnyp barylmagynyň netijesinde, Ýewropada täze wiruslaryň gözegçilik edip boljakdygyny belläp geçdi.

 

04-nji fewral ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Özbegistan 3 aýda 2,8 milliondan gowrak syýahatçy kabul etdi

Türkmenistanyň lukmançylyk uniwersitetinde Adaty däl lukmançylyk otagynyň açyldy

Aşgabatda türkmen-hytaý adaty hytaý lukmançylygy merkezini döretmek boýunça ähtnama gol çekildi

Uganda türkmen syýahatçylaryny myhmançylyga çagyrýar

Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda eko-syýahat guraldy

Ata Watan Eserleri

«Türkmenhowaýollary» awiakompaniýasy Kazan – Aşgabat ugry boýunça awiapetekleriň bahasyny arzanlatdy

Ata Watan Eserleri