Ginnesiň rekordlar kitaby, hakykatdan-da, täsinlikleriň ýygyndysy. Ondaky käbir rekordlara bolsa akyl ýetirmek hem kyn. Ynha, bu neşiriň hünärmenleri tarapyndan ýakynda bellige alnan rekord hem akyl ýetirmesi kyn rekordlaryň biri. Bu rekord heniz 21 aýlykka dünýä inen bäbek bilen bagly.
Aslynda, bäbejikleriň ene göwresinde 9 aýlap ýatýandygyny bilýäris. Ýöne, ynha, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Birmingem Alabama uniwersitetiniň hassahanasynda dünýä inen bäbejik ene göwresinde bary-ýogy 21 hepde ýatdy-da, sabry ýetmän ýagty dünýä çykdy. Aslynda, bu täsin ýagdaý 2020-nji ýylyň iýul aýynda ýüze çykdy. Ginnesiň rekordlar kitaby ýaňy-ýakynda ony dünýäde iň ir doglan bäbejik hökmünde bellige aldy.
Häzir bir ýarym dagy ýaşap barýan bäbejige Kurtis Mins diýýärler. Birmingem Alabama uniwersitetinden berlen beýanata görä, Mişel Batler atly bir ene hamylalyk döwrüni kadaly geçirmesine garamazdan, 2020-nji ýylyň 4-nji iýunda operasiýa otagyna alyndy. Şeýlelikde, şol günüň ertirligi ― 5-nji iýulda heniz 21 hepdelik Kurtis dünýä getirildi.
Doglan wagtynda bäbejigiň agramy 420 gramdan kän däldi. Ginnesiň rekordlar kitabynda berilýän maglumatlara görä, Minsiň ýaşamak mümkinçiliginiň örän ujypsyzdygyna garamazdan, onuň berilýän bejergilere oňyn jogap berip bilýändigini we ýagdaýynyň gitdigiçe gowulaşýandygyny gören lukmanlaryň özi hem bu ahwala haýran galdy. Hepdeler geçdigi saýy bäbejik özüne geldi we güýçlendi.
9 aýdan soň öýüne gaýtdy
Ene göwresinde 9 aý ýatmaga sabry ýetmedik bäbejik munuň jezasyny dünýä inensoň çekdi we şonça wagtlap hassahanada lukmanlaryň gözegçiliginde galmaly boldy.
Şeýlelikde, 275 günläp hassahanada ýatan bäbejik we ejesi diňe şu ýylyň 6-njy aprelinde öýüne goýberildi. Täsin ýagdaý, dünýä inen wagty ýaşamak mümkinçiligi 1 göterimiň hem aşagynda bolan bäbejik öýüne sagdyn dolandy.
Onuň ejesi Batler bolsa hassahanadaky saglygy goraýyş işgärlerine hoşallyk bildirip, «Kyn ýoldan geçdik, ýöne Birmingem Alabama uniwersitetiniň ähli lukmanlaryna siňdiren yhlasy we gazanan ajaýyp netijesi üçin hoşallyk bildirýärin. Olar bize üns berdiler, wagtyny bize sarp etdiler. Her bir pursatda bäbejigiň ýagdaýyndan habardar bolmagym üçin şert döretdiler» diýdi.