SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Çagalar üçin hem «Sputnik V» öndüriler

Russiýanyň Gamaleýa merkezi «Sputnik V» sanjymyny kämilleşdirmek bilen bagly işleri dowam etdirýärler. Dünýä metbugatynda çykan habarlara görä, iýun aýynda sanjymyň çagalar üçin taýýarlanan görnüşiniň hem synaglaryna başlamak meýilleşdirilýär.

Köpçülikleýin metbugat serişdelerinde merkeziň ýolbaşçysy Aleksandr Ginsburgyň sözlerine esaslanylýar.

«Eger ähli işler talaba laýyk dowam etse, şu ýylyň iýun aýynda sanjymy çagalarda hem synag etmäge girişeris. Häzirki wagtda ýörite çagalar üçin taýýarlanan sanjymyň üstünde işlenilýär» diýip, ol öz beýanatynda aýtdy.

«Sputnik V»-niň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty tarapyndan bellige alnan ilkinji koronowirus sanjymy bolandygyny ýatladýarys. Deslapky synag işleri tamamlanansoň, ýurdumyzda bu sanjymdan köpçülikleýin peýdalanyp başlamak meýilleşdirilýär. Türkmenistan «Sputnik V» sanjymyny dünýäde ilkinjileriň hatarynda bellige alan 10 döwletiň biridir.

 

Peýdaly Maslahat Sahypamyz

Hukuk we beýleki ugurlara degişli peýdaly maslahatlaryň jemlenen sahypasy-peýdaly maslahat sahypasy

Related posts

Aşgabat — Awaza ugry boýunça awtobus gatnawlarynyň petekleri onlaýn satuwa çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Allergiýanyň öňüni nädip almaly?

Türkmenistan bilen Ýaponiýa syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder