SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýede koronawirus ýagdaýy gowşaýar

Türkiýe Respublikasynda 2022-nji ýylyň 22-nji maýyndaky ýagdaýa görä, koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly ýüze çykýan wakalaryň sany azalýar. Şeýle wakalaryň sany 905-ä deň boldy we bu kesel bilen ýogalanlaryň sany bolsa 5 boldy.

Ýurtdaky koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly maglumatlar her gün agşam ýurduň Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan beýan edilýär. 22-nji maýdaky ýagdaýa görä, 24 sagadyň dowamynda 118 müňden gowrak barlag geçirilip, 905 adamda bu keseliň ýogulandygy bellenildi.

Türkiýänyň saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja tarapyndan berlen beýanatynda: “Koronawirus bilen baglanyşykly waka sany 905. Köpden bäri garaşýan pursatymyz gelip ýetdi. Bu ýokanja ýogulýanlarynyň sanynyň 1000-den az bolmagyna garaşýardyk. Şeýle ýagdaý 3 gün dowam eden halatynda jemgyýetçilik ulaglarynda hem agyz-burun örtüklerini dakynmak düzgüni ýatyrylar” – diýip belledi.

 

Wiktor Orban Türkmenistanyň Prezidentine gutlag haty iberdi

Ýene-de okaň

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy

5 aýda Özbegistana 5 milliondan gowrak syýahatçy geldi

Eýran howa giňişligini doly açdy

Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalary Seul halkara syýahatçylyk sergisine gatnaşdy

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: Dubaý we Abu-Dabi gatnawlary 15-nji iýuna çenli ýatyryldy

Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça täze maksatnama tassyklandy