DÜNÝÄ

ABŞ-nyň Prezidenti Ýaponiýada saparda

ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden Ýaponiýa resmi sapar bilen geldi. Onuň uçary ýekşenbe güni Tokio prefekturasyndaky Ýokota bazasyna gondy. Baýdeni Ýaponiýanyň daşary işler ministri Ýesimasa Haýasi we ABŞ-nyň ilçisi Ram Emmaneul garşylady.

Bu ýerden Baýden Tokio şäherindäki myhmanhana dikuçar bilen gitdi. Baýden saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň imperatory Naruhto bilen duşuşdy.

Häzirki wagtda Baýden bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda duşuşyklar geçirilýär.

Şeýle hem Baýden saparynyň dowamynda Awstraliýanyň, Hindistanyň, ABŞ-nyň we Ýaponiýanyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda “Quad” atly howpsuzlyk meseleleri boýunça dörttaraplaýyn dialogyň duşuşygyna gatnaşar.

Baýden Ýaponiýa saparyndan ozal Günorta Koreýada saparda bolup, ýurduň täze saýlanan Prezidenti Ýun Sok Ýel bilen gepleşikler geçirdi.

“Quad” atly howpsuzlyk meseleleri boýunça dörttaraplaýyn dialogyň duşuşygyna gatnaşmak üçin Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi hem-de Awstraliýanyň täze Premýer-ministri Entoni Albaneze Tokio şäherine geldiler.

 

Türkiýede koronawirus ýagdaýy gowşaýar

 

Related posts

“Nejep oglan” çeper filmi görkeziler

vepa

Dünýädäki iň uzyn welosiped ýoly

Türkiýe Respublikasynda demokratiýa we milli jebislik güni bellenýär

Ata Watan Eserleri