Hormatly okyjylarymyz!
Üns beriñ! Gündelik Tâleýnamany wideo görnüşinde tomaşa etmek üçin şu ýere ýa-da aşakdaky suradyň üstüne basyñ! Siz Gündelik Tâleýnama we beýleki Atavatan Tv Kanalyndaky gepleşikleri añsatlyk bilen tomaşa edip bilersiñiz!
Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.
Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!
Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 15-nji maýdaky täleýnamaňyzy hödürleýäris.
Şeýle-de gadyrly okyjylar, siz islendik ýyldyzyňyzyň suratynyň üstüne basyp, ol baradaky giňişleýin maglumatlary okap bilersiňiz.
Siziň barha öňe gitmegiňize itergi berýän zat hakda pikirleniň. Şonda üstünlik gazanyp bilersiňiz. Uly işe başlamak isleýän bolsaňyz, ahyryndaky netijäni pikir ediň. Islegleriňizi we niýetleriňizi derňemek bilen, maksadyňyza dogry ýoly gurup bilersiňiz. Gorkmaň, aýgytly hereket etmäge siz eýýäm taýynsyňyz.
Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)
Ýalňyzlyk şu wagt iň gowy ýoldaşyňyzdyr. Ýeke bolmakdan netijeli peýdalanyň. Özüňiz, içki duýgularyňyz bilen ýürekden gürleşip, ahyrsoňy öz sesiňizi eşidip bilersiňiz. Häzir ähli beýleki zatlary bir gapdala goýup, başdan geçirenleriňize we duýgularyňyza ünsi jemlemegiň wagty.
Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)
Jöwzalar üçin ykballaryny synamagyň wagtydyr. Özüňize we özüňizi alyp barşyňyza üns beriň. Pul serişdelerini peýdalananyňyzda gowy pikirleniň. Mümkin, satyn alýan zatlaryňyzyň hemmesi zerur däl bolup biler. Kuwwatyňyzy doldurmak üçin elmydama gerekli derejede iýýärsiňizmi? Saglygyňyzy birinji nobatda goýuň. Özüňiziň aladaňyzy etmegiňiz size geljekde durmuş abadançylygyny getirer.
Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)
Seretanlar, geljegiňiz barada pikir ediň. Özüňize bir käse hoşboý ysly çaý taýýarlaň we meýilnamalaryňyzy derňäň. Daşky päsgel berýän zatlardan dynyň we pikirlere çümüň. Bu gün soragyňyzyň jogaby, ony düzen badyňyza geler. Esasy zat bu gün hiç kim bilen dawa etmezlikdir.
Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)
Söýgi we romantika hakynda pikir ediň. Ýaryňyza habar gatmak ýa-da beýleki usullar bilen özüňizi ýatladyň. Söýgi hiç hili päsgelçilikleri bilmeýär, şonuň üçin aýgytly hereket edip bilersiňiz. Liriki gahryman ýaly görünmekden gorkmaň, çünki esasan hem munuň üçin sizi gowy görýärler.
Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)
Fiziki, akyl, duýgy we ruhy taýdan sizi doldurýan gatnaşyklar üçin giňişlik döretmegiň wagty geldi. Ýoldaşyňyzdaky hemme zatdan kanagatlanýarsyňyzmy? Diňe girdeji gazanmak üçin bile bolsaňyz, araňyzdaky uçgun ýakyn wagtda köýüp başlar. Ýeke bolsaňyz – sizi öňden bäri gyzyklandyrýan birine üns bermegiň wagty geldi.
Mizan (terezi 24.09 — 23.10)
Elmydama ýeke bolmakdan ýadadyňyz. Siz özüňize üns berilmegini isleýärsiňiz. Bu gün öňki ýat bolup giden oturylyşyklary guramak ýerlikli bolar. Ähli dostlaryňyzy ýygnaň we şatlykly wagt geçiriň. Size bu diýseň ýarar we wagtlaýyn kynçylyklardan halas bolmagyňyza kömek eder.
Akrap (içýan 24.10 — 22.11)
Bu erbet düýşüňiziň ýakyn wagtda gutarjakdygyna umyt edip uklaýarsyňyz, emma ýene-de oýanarsyňyz. Sabyrly boluň, ruhuňyzy belent saklamak möhümdir. Ýan ýoldaşyňyzy goldaň, sebäbi häzir oňa-da aňsat däl. Saglyk ýagdaýyňyza üns beriň. Kadaly iýmitlenmek hem möhümdir.
Kowus (keman 23.11 — 21.12)
Dünýä üýtgeýär, siz bolsa, entegem köne zatlara ýapyşýarsyňyz. Gereksiz hemme zatlary ret ediň, durmuşyňyzy nämeleriň doldurýandygyny täzeden gözden geçiriň. Geçmişde siziň üçin gaty möhüm bir zat bar bolsa, täze hakykatda oňa ýer bolar. Geljegiňize ýeňil we aňsat girjek boluň, köne ýükleriňizi taşlaň. Amala aşmajak köne arzuwlary süýräp ýörmeli däl.
Jedi (owlak 22.12 — 20.01)
Alamatlara we nyşanlara üns beriň. Bu gün olar diýseň köp bolar. Siziň özüňiz başga pikir edýän hem bolsaňyz, hiç kim we hiç zat sizi ýatdan çykaranok. Teklipleri üns bilen ýerine ýetirseňiz, ähli işleriňizde goldaw taparsyňyz. Wagtyňyzy tygşytlaň, häzirki wagtda garaşyp bilmeýän mesele ýokdur.
Hut (balyk 21.02 — 20.03)
Gowşaklygyňyzy görkezmezlik üçin jan edýärsiňiz. Emma siz elmydama güýçli bolmakdan ýadamarsyňyzmy? Özüňiz boluň, gowşak taraplaryňyzy görkezmekden çekinmäň, sebäbi kemçilikleriň ykrar edilmegi ýeňiş üçin ilkinji ädimdir. Egerde size bir zat ýetmeýän bolsa, ony bildirmekden çekinmäň. Öz islegleriňizi aýtmagy başaryň.
14-nji maý ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama