SIZDEN GELENLER

Beýik Ýeňşiň şanly baýramy

Şu ýyl Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna 77 ýyl dolýar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş dünýäniň parahatçylyk söýüji halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň gije-gündiz arman-ýadaman çeken zähmetleriniň netijesidir.

Ýurdumyzda uruş weteranlary aýratyn üns we alada bilen gurşalyp alnandyr. Watana çyn ýürekden hyzmat etmegiň göreldesini görkezen gahrymanlarymyz ýurdumyzda geçirilýän beýik özgertmelere buýsanyp, täze eýýamda eşretli döwrümiziň hözirini görüp ýaşaýarlar. Hormatly ýaşulular, eneler halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, ýaşlarymyza edep-terbiýe bermekde, olary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde görelde mekdebi bolup durýarlar.

Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet aga hem uruş ýyllarynda Watany goramakda görkezen şahsy edermenligi üçin Russiýa Federasiýasynyň ýokary döwlet sylagy bolan «Edermenligi üçin» diýen medala mynasyp boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, uruşda wepat bolan watandaşlarymyz Türkmenistanyň Milli Gahrymanlary diýlip yglan edildi. Olaryň ýagty ýadygärligine, mukaddes ruhuna bagyşlanylyp, «Hatyra» kitaby neşir edildi. Ýeňiş bilen öz mähriban ojaklaryna dolanyp gelen gerçeklerimiziň hatyrasyny belent tutmak maksady bilen bolsa, olaryň atlary ýazylan alty jiltlik «Şöhrat» kitaby çap edildi.

Halkymyzyň edermen ogullary we gyzlary beýleki doganlyk halklar bilen bilelikde urşuň agyr synaglaryny başdan geçirip, dünýäde parahatçylyk, asudalyk, abadan durmuş ugrunda bolan söweşlerde belent ahlak häsiýetlerini, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, gahrymançylygyň nusgalaryny görkezdiler.

Türkmen halky Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşdy. Bugdaýyň iň soňky dänesine, pagtanyň iň soňky übtügine çenli ýygnap alyp, Beýik Ýeňşe saldamly goşant goşdular. Urşuň ýeňiş bilen tamamlanjakdygyna bolan beýik ynam bilen hem-de merdana ýigitleriň sag-aman dolanyp gelmeginiň hatyrasyna türkmen aýal-gyzlary Goranmak gaznasyna altyn-kümüş şaý-sepleriniň 7392 kilogramyny tabşyryp, adamkärçiligiň we ynsanperwerligiň beýik nusgasyny görkezdiler. Bu Ýeňiş aňsatlyga gazanylmady. Halkyň ägirt uly pidalary, gaýduwsyzlygy we yhlasly zähmeti 1945-nji ýylyň baharynda bu Beýik Ýeňşi alyp geldi.

Ýeňiş güni mynasybetli, uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna sowgatlar gowşurylýar. Golaýda, milli Liderimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgeriň ýanýoldaşyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Milli Gahrymanlaryny hatyralamak türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däpleriniň biri bolup durýar. Paýtagtymyzda «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýaly 1941 — 1945-nji ýyllaryň urşunda söweş meýdanlarynda baş goýan Watan goragçylarynyň ýadygärlikleri bar. Her ýylyň 9-njy maýynda aşgabatlylar hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary Beýik Watançylyk urşundan gaýdyp gelmedik watandaşlarymyzy hatyralaýarlar.

Türkmen gerçekleri geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşy üçin şirin janlaryny pida etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen Watan ugrunda şirin janlaryny pida eden gerçekleriň hatyrasyna «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň gurlup, türkmen halkyna sowgat berilmegi şehitlerimizi tirsegine galdyran örän möhüm wakadyr.

«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy, paýtagtymyzyň günorta — günbatar böleginde 650 müň inedördül meýdana ýaýlyp gidýär. Ýadygärlikler toplumynda Beýik Watançylyk urşunda, Watanyň azatlygy, halkymyzyň erkinligi ugrundaky söweşlerde wepat bolanlaryň hatyrasyna gurlan «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärlikleri, Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanan «Ruhy tagzym» ýadygärligi ýerleşýär.

Biziň ýurdumyz okgunly ösüşiniň häzirki döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli amala aşyrýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan döredijilikli daşary syýasy ugry türkmen halkynyň doly goldawyna hem-de halkara jemgyýetçiligiň giňden ykrar etmegine eýe bolýar. Çünki ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi türkmenistanlylaryň asuda we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň kepilidir.

Türkmenistanyň sebitde ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edilmeginiň milli däplerimiziň dowamlylygynyň hem-de ata-babalarymyzyň edermenligine goýulýan hormatyň mynasyp beýanyna öwrülendigini bellemek gerek. Milli Liderimiziň yzygiderli öňe sürýän netijeli başlangyçlary parahatçylygy pugtalandyrmaga, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Orazmyrat Geldimyradow,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ talyby.

Beýik Ýeňşiň 77 ýyllyk toýy

Ýene-de okaň

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry

Körpeleriň pikirleniş endigini ösdürmekden sanawaçlaryň ähmiýeti

Ata Watan Eserleri

Halk döredijiligi – milli mirasymyzyň hazynasy

Sagdynlyk ynsan durmuşynyň bezegi