SPORT

Ronaldonyň gynançly güni

Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kristiano Ronaldonyň täze doglan ogly aradan çykdy. Mälim bolşy ýaly, oktýabr aýynda Ronaldo ýanýoldaşy Jorjinýo Rodriges bilen ekiz bäbeklere garaşýandyklaryny mälim edipdi.

Şol ekiz bäbekleriň biriniň oglan we beýlekisi gyz bäbekdi. Şu gün Ronaldo oguljyklarynyň aradan çykandygyny habar berdi.

– Kiçijik bäbegimiziň aradan çykandygyny uly gynanç bilen habar berýäris. Gyz bäbegimiziň dünýä inmegi bize bu kyn güni ýeňip geçmäge mümkinçilik berer – diýip, Ronaldo belläp geçdi.

Şeýle hem ol özlerine goldaw we kömek beren lukmanlara we şepagat uýalaryna minnetdarlyk bildirdi.

– Biziň oglumyz, sen biziň perişdämiz. Biz seni hemişe söýeris – diýip, Ronaldo özüniň “Instagram” sahypasynda belläp geçýär.

Angliýanyň Premýer-ligasynyň “Mançester Ýunaýted” toparynda oýnaýan 37 ýaşly Ronaldonyň ýene 4 çagasy bar.

 

Ýylyň transferi amala aÅŸdymyka? Holand “Mançester Sitide”

 

Ýene-de okaň

III GDA Oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň sany 10-a ýetdi

Milletler Kubogy 2025: Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi mälim boldy

Ronaldonyň özboluşly täze rekordy

Ronaldo ýene-de kubok gazanmak başartmady

Zenanlar futbolynyň iň gymmat transferi

AFK Çempionlar ligasy-2: “Arkadag” we “Ahal” klublaryň duşuşyklarynyň seneleri