Şu gün Gazagystanyň Almaty şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň Geňeşiniň dabaraly mejlisi geçiriler. Onuň işine Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň degişli wekiliýet agzalary hem gatnaşýar.
Gazagystandaky geňeşiň mejlisine Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Russiýanyň hem-de Moldowanyň parlament wekilleri gatnaşýar.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasy 30 ýyl mundan ozal döredildi. Bu dabarany geçirmek üçin Almaty şäheriniň saýlanyp alynmagy hem ýöne ýerden däldir. 1992-nji ýylyň 27-nji martynda Almaty şäherinde bu guramany döretmek üçin ylalaşyga gol çekilipdi. 1992-nji ýylyň 28-nji martynda bolsa, GDA-nyň parlamenterleriniň duşuşygy geçirilipdi.
Almaty şäherinde Dostluk öýünde ýene-de GDA-nyň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçiriler. Onda dürli möhüm meseleler boýunça özara pikir alyşmalar geçirilýär. Ýubileý mejlis ýüzbe-ýüz geçirilip, ähli öňüni alyş çäreleri göz öňünde tutulypdyr.
Parlamentara Assambleýasy GDA-nyň giňişliginde köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ulgamynyň giňeldilmeginde möhüm rol oýnady. Ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim we ekologiýa ýaly ulgamlarda 30 ýylyň dowamynda kanun çykaryjylar 600-e golaý normatiw namalary işläp düzdiler.