BIZNES

“Lapis Lazuli” ulag geçelgesine bagyşlanan seminar

Paýtagtymyz Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) guramagynda “Lapis Lazuli” ulag geçelgesilen bagyşlanan sebitleýin seminar geçirilýär. Bu barada ÝHHG-niň resmi sahypasynda bellenilip geçilýär.

Gibrid formatynda geçirilýän iki günlük seminar “Lapis-Lazuli” üstaşyr ulag geçelgesini durmuşa geçirmegiň strategiýasyny hödürlemek üçin guraldy. ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi geçelgäniň işlemegini üpjün etmek üçin “Lapis Lazuli” üstaşyr we ulag şertnamasyna gol çeken ýurtlara goldawyň bir bölegi hökmünde strategiýany we hereket meýilnamasyny işläp düzmäge ýardam berýär.

Bu strategiýa sebitdäki ykdysady integrasiýanyň we ulag mümkinçilikleriniň güýçlenmegine, ulaglaryň ähli görnüşlerini ýerlikli ulanmak arkaly geografiki aralyklaryň düýpgöter azalmagyna goşant goşmak üçin döredilýär.

“Lapis Lazuli” şertnamasyna gol çeken dört ýurtdan Azerbaýjan, Gruziýa, Türkiýe we Türkmenistan ýaly ýurtlardan altmyşdan gowrak wekil gatnaşýar. Oňa birnäçe sebitleýin ulag guramalaryň wekilleri hem gatnaşýar.

Seminarda çykyş eden ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi ýolbaşçysy Jon Makgregor ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy we ykdysady arabaglanyşygyny pugtalandyrmak üçin ÝHHG-niň hem iş alyp barýandygyny belledi. Ol “Lapis-Lazuli” üstaşyr ulag geçelgesiniň bu şertnama goşulan ähli ýurtlara peýda getirjekdigini belledi. Şeýle hem onuň ykdysady ösüşe hem goşandynyň uly boljakdygyny mälim etdi.

Seminarda şertnama goşulýan ýurtlaryň wekilleri strategiýany we hereketleriň meýilnamasyny işläp düzmek babatdaky pikirlerini we tekliplerini beýan etdiler.

 

 

Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýda iş saparynda bolar

Ýene-de okaň

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Italýan firmalary «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

«Aýdyň gijeler» hytaýly hyzmatdaşlary bilen emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrar

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanda ýolagçy wagonlaryny abatlanar

Bütindünýä Söwda Guramasy agzalyk: milli gepleşik topary dörediler