BIZNES

Taryhy söwda ylalaşygyna gol çekildi

Dünýäniň iki uly ykdysadyýetine eýe bolan ýurtlaryň – ABŞ-nyň we Hytaýyň arasynda taryhy söwda ylalaşygyna gol çekildi. Köpden bäri geçirilýän gepleşikleriň esasynda gol çekilen ylalaşyk amerikan-hytaý söwda gatnaşyklarynyň gowulanmagyna ýardam eder.

Bu ylalaşyk ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Lýu He tarapyndan gol çekildi.

Söwda-ykdysady ylalaşygynyň birinji tapgyryny düzýän bu ylalaşygyň şertlerine laýyklykda, Hytaý öňümizdäki 2 ýylyň dowamynda 200 milliard dollar möçberinde Amerikanyň önümlerini we hyzmatlaryny satyn alar. Şeýle hem Amerikanyň senagat, oba hojalyk harytlarynyň we energiýa serişdeleriniň Hytaýa eksporty göz öňünde tutuldy. Hususan-da, 75 milliard dollar möçberinde senagat, 40 milliard dollardan gowrak oba hojalyk önümleriniň hem-de 50 milliard dollara golaý energiýa serişdeleriniň alynmagy meýilleşdirildi.

– Bu örän möhüm we ähmiýetli wakadyr. Şu gün biz möhüm ädim ätdik – diýip, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp belledi.

Hytaýyň wise-premýeri öz gezeginde bu ylalaşygyň diňe bir Hytaýyň we ABŞ-nyň däl, eýsem tutuş dünýäniň söwda gatnaşyklaryna oňyn täsirini ýetirjekdigini belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Belarusyň işewür wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Italýan firmalary «Turkmentextile Expo-2026» atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşar

«Aýdyň gijeler» hytaýly hyzmatdaşlary bilen emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrar

Türkmen-yrak ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirilýär

Türkmenistanda ýolagçy wagonlaryny abatlanar

Bütindünýä Söwda Guramasy agzalyk: milli gepleşik topary dörediler