BIZNES

Türkmen-emirlikler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň gerimi giňeldiler

Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda  türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen, BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Ahmed Al Haý Al Hameli bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň duşuşygy boldy.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky döredilen giň mümkinçilikleriň üstünde durlup geçildi, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem geljekde iki ýurduň hususyýetçileriniň arasynda söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin işewürler maslahatyny geçirmeklik teklip edildi.

Related posts

Ýanwar-fewral: birža söwdalarynyň 49-sy geçirildi

“Galkynyş” gaz käni: Hytaýa goşmaça tebigy gaz ibermegiň mümkinçilikleri

“RŽD” paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna iş saparyny amala aşyrdylar