23-nji mart güni Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýekelikde aýdym aýtmak kafedrasynyň professory, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň 70 ýaş toýy uly dabara bilen bellenip geçildi. Dabarany Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň sahna ussady Batyr Çaryýew alyp bardy. Dabaranyň başynda Atageldi Garýagdyýewe hormat haty gowşuryldy.
Dabarada çykyş eden Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarow, “Türkmenistanyň binagärligi we gurluşygy” žurnalynyň baş redaktory, şahyr Gurbannazar Ezizowyň gyzy Ýazbibi Ezizowa, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory, şol konserwatoriýanyň uly mugallymy Wladimir Mktrýan, Türkmenistanyň halk artisti Daňatar Hydyrow dagy Atageldi Garýagdyýew bilen baglanyşykly ýatlamalaryny aýdyp, halypa gözel arzuwlaryny beýan etdiler.
Şeýle hem dabaranyň dowamynda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň režissýory, Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülälek Akmyradowa şahyr Gurbannazar Ezizowyň ýazan we giň okyjylar köpçüliginiň göwnünden turan şygyrlaryny okady.
Dabaranyň soňunda hormatly Prezidentimize ýüzlenme kabul edilip, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikler, Atageldi Garýagdyýewe bolsa, täze-täze döredijilik üstünlikleri arzuw edildi.
Mälim bolşy ýaly, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew bilen söhbetdeşlik gurnady.
Şol şöhbetdeşligi okamak isleseňiz, aşakdaky linkden okap bilersiňiz.
Maksat TAGANOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
žurnalistika hünäriniň talyby.