BIZNES

«Türkmenaragatnaşyk» agentligi we BMGÖM özara düşünişmek hakyndaky ähtnama gol çekdi

Döwlet dolandyryşyny sanly ulgama geçirmek ugrundaky hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenaragataşyk» agentligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi.

Şeýlelik bilen, döwlet dolandyryşynda sanly özgertmeler ugrundaky hyzmatdaşlyklar giňeldilýär. Türkmenistanda pudagara elektron maglumat alyşmak ulgamy ornaşdyrylar, doly durmuşa geçirilmegi üçin kadalaşdyryjy-hukuk binýady kämilleşdiriler we bu ugurda halkara tejribesi çekiler.

Ähtnama gol çekilmegi bilen, 2019-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek Konsepsiýasynda hem-de Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasynda we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynda goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge ýardam berer. Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini artdyrmaga ýardam berer.

 

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Neşe serişdeler boýunça komissiýasynyň 65-nji sessiýasyna gatnaşdy

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Gazagystan: özara söwdanyň möçberi 1 milliard dollara ýetiriler

Türkmenistanyň paýtagtynda Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) edarasy açyldy

Tatarstan Türkmenistanda söwda öýüni açmagy meýilleşdirýär

Balkan welaýatynda Eýranyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň sergisi geçirilýär

Ata Watan Eserleri

Masato Kanda: CAREC taslamalaryna 10 milliard dollar maýa gönükdiriler

Tatarystan Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýar