“Gowaçany zyýankeşlerden goramaklygyň bio-ekologiki usulyny kämilleşdirmek”
Gabrobrakon möjejigi zyýankeşlere garşy göreşiň biologiki usulynda giňden ulanylýan esasy tebigy serişde hasaplanylýar. Häzirki wagtda bu entomofagy ekinleriň dürli zyýankeşlerine garşy biologik göreş usulynda ulanmak boýunça dünýäniň köp sanly ýurtlarynda baý iş tejribeler toplanyldy. Bu babatda Türkmenistan döwletimizde belli bir derejede üstünlikler gazanyldy.
Gowaça sowkasynyň garşysyna göreşmekde beýleki göreş usullary, serişdeleri bilen bilelikde, gabrobrakony hem giňden ulanmaklygy maslahat berýäris. Gabrobrakon gowaça sowkasynyň 2-3 ýaşly gurçuklarynyň garşysyna göreşmek maksady bilen ulanylýar. Gabrobrakon tebigy hojaýynlarynyň gurçuklarynyň göwresine zäheri goýberenden soňra, gurçuklar hereketiniň ugruny ýitirýärler. Gurçuklaryň işjeňligi kem- kemden peselýär, olaryň hereketi gowşaýar we düýpden kesilýär. Urkaçy gabrobrakonyň ýumurtga taşlaýjysyny gurçugyň göwresini haýsy bölümine sanjyp, ol ýere zäher goýberendigine garamazdan, gurçugyň ysmazlygy göwräniň yzky bölüminden başlanýar we ol bedeniň kelle bölümine tarap kem-kemden güýjeýär. Ysmazlyk halyna düşen gurçuklaryň ýüregi we içegeleri birnäçe günüň dowamynda işläp durýar. Emma olaryň işi kem-kemden haýallaýar we ahyrynda gurçuklar zäheriň täsirinde ölýärler. Garobrakonyň urkaçylarynyň zyýankeşleriň gurçuklaryny ysmazlyk halynda saklamaklarynyň tizligi we mukdary dürliçe bolýar. Tejribehanalarda olar 1 sagadyň dowamynda 2 sany gurçugy 2 gije- gündiziň dowamynda 46 sany gurçugy ysmaz edýär. Urkaçy gabrobrakonlaryň her biri öz ömrüniň dowamynda gurçuklaryň 30-dan 175-e çenlisini ysmaz edip bilmäge ukyplydyr.
Tejribehanalarda garobrakony günorta ammar yşykçysynyň hem-de mum güýesiniň gurçuklaryndan köpçülikleýin köpeldilýär. Şu görnüşleriň arasynda entomofag üçin mum güýesi has amatly hasaplanylýar. Çünki bu görnüşiň gurçuklary beýleki iki görnüşiňkä garanyňda iri bolýar. Tejribehanalarda gabrobrakony köpçülikleýin öndürmek biri-birleri bilen jebis aragatnaşykda bolan şu aşakdaky basgançaklardan ybarat:
1.Gabrobrakonyň tebigy hojaýynyny köpeltmek;
2.Gabrobrakonyň özüni köpeltmek;
3.Öndürilen gabrobrakony ýygnap almak.
Adatça gowaça, pomidor, mekgejöwen ekilen meýdanlarda gowaça sowkasynyň garşysyna gabrobrakony ulanmagyň 10 sany ösümlikde zyýankeşiň ilkinji ýaşyndaky gurçuklarynyň 2-4 sanysy peýda bolan mahaly başlamaly. Mälim bolşy ýaly, gabrobrakon orta ýaşly gurçuklarda mugthorlyk edýär. Diýmek ekin meýdanlaryna gabrobrakon birinji gezek goýberilenden soň zyýankeşiň mugthoryň gurçuklaryny çakmaklyga çenli 3-5 gün wagt geçýär. Şu gysga wagtyň içinde ekin meýdanyna öwrenişýär. Urkaçy gabrobrakonlar ekin meýdanlarynda özleriniň ilkinji goýberilen ýerlerinden 500 metre çenli aralyga uçup gitmäge ukyplydyrlar. Ekin meýdanlarynda gowaça sowkasynyň ýaňy peýda bolup başlan wagtlary gabrobrakon hem ekine goýberilse, zyýankeşi köpçülikleýin gyrmakda ýokary netijeler gazanmak mümkin. 100 sany gowaçada gowaça sowkasynyň 1-2 sany gurçugy gabat gelýän mahaly gabrobrakon ulanylsa, onda entomofag ekin meýdanlaryna 3 gezek goýberilende onuň netijeliligi 90 % barýar. Bir gektara 1000 sany gabrobrakon goýberilýär. Bu işleri oba hojalyk ekinlerinden ekologiki taýdan arassa we ýokary hilli bol hasyl almak maksady bilen şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň ,,Daşky gurşawy ekologiki taýdan arassa saklamak” hakyndaky syýasatyndan ugur alyp oba hojalyk ekinlerimizde hem biologiki göreş usulyny geçirýäris.
Merdan Pirlekow,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň Agroekologiýa
fakultetiniň Ýüpekçilik we Ösümlikleri goramak
kafedrasynyň uly mugallymy, oba hojalyk ylymlarynyň
kandidaty.
Nurbibi Taňňyýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
Oba hojalyk uniwersitetiniň Agroekologiýa
Fakultetiniň Ösümlikleri goramak hünäriniň
4-nji ýyl talyby.
«Türkmen tebigaty — ylham çeşmesi » atly bäsleşik yglan edildi