JEMGYÝET

Saýlaw-2022: halkara guramalaryndan synçylar çagyryldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germany kabul etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu duşuşykda eden çykyşynda Türkmenistanda şu ýylyň 12-nji martynda nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigine ünsi çekdi. Häzirki wagtda şol saýlawlaryň halkara kadalar esasynda örän erkin, aýdyň hem-de demokratik ýagdaýda geçirilmegi üçin ähli zerur tagallalaryň edilýändigi bellenildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdan daşary saýlawlara daşary ýurt döwletlerinden we halkara guramalaryň birnäçesinden, şol sanda GDA-dan, ŞHG-den, ÝHHG-den hem-de Türki Döwletleriň Guramasyndan synçylaryň çagyrylandygyny aýtdy. Olara saýlawlaryň öň ýanyndaky möwsümiň barşyna hem-de ses berlişine syn etmek mümkinçiligi dörediler.

Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we Prezidentiň wezipesine dalaşgärler tarapyndan hödürlenen köp sanly milli synçylar saýlawlaryň barşyna syn ederler.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz BMG-niň ugurdaş bilermenlerini saýlaw bilen bagly işlere dogry baha bermek maksady bilen, Türkmenistanda Prezident saýlawlaryny geçirmekde ýardam etmäge çagyrdy.

 

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti: türkmen-türk gatnaşyklaryny ösdürmek üçin anyk tekliplere garamaga taýýardyrys

“Al-Nassr” toparynyň tälimçisi: “Arkadag” toparynyň oýunçylarynyň kämillik derejesi ýokary

«Al-Nasr» topary Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär

Türkiýäniň söwda ministri Ömer Bolat Türkmenistana gelýär