IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Bäsleşik: durkuny täzelemek işi

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda Bitarap Türkmenistan şaýolunyň Galkynyş köçesi bilen Atamyrat Nyýazow şaýolunyň aralygyndaky böleginiň suw çüwdürimleri bilen bilelikde durkuny täzelemek boýunça BÄSLEŞIGI gaýtadan yglan edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň10-njy martyna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

 

Türkmenabatdan Moskwa 37-nji ýörite gatnaw

Related posts

Çoganly ýaşaýyş toplumynda seýilgäh gurmak boýunça bäsleşik

Bäsleşik:Arkadag şäheriniň häkimligi seýsmiki yrgyldylaryň anyk hasaplamasyny üpjün edýän seýsmiki stansiýanyň taslamasyny düzmek,gurmak hem-de enjamlaşdyrmak

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär