SPORT

UEFA Çempionlar ligasy: duşuşyklar deňme-deň tamamlandy

UEFa Çempionlar ligasynda pleý-off tapgyry dowam edýär. Bu gezek Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” topary bilen Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary, Portugaliýanyň “Benfika” topary bilen Niderlandlaryň “Aýaks” topary duşuşdy. Duşuşyklar deňme-deň tamamlandy.

Ispaniýanyň “Atletiko Madrid” topary bilen Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” topary 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. “Atletiko Madrid” topary Žoaa Feliks bilen duşuşygyň 7-nji minutynda öňe geçdi. “Mançester Ýunaýted” topary bolsa, 80-nji monutda Elanga bilen hasaby deňledi.

Bu iki toparyň arasyndaky jogap duşuşygy 15-nji martda Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynyň “Old Trafford” meýdançasynda oýnalar.

Portugaliýanyň “Benfika” topary bilen Niderlandlaryň “Aýaks” toparynyň arasyndaky duşuşyk 2:2 hasabynda deňme-deň tamamlandy. “Aýaks” toparyndan 18-nji minutda Dusan Tadiç we 29-njy minutda Sebastian Haller tapawutlandy.

“Benfika” toparynyň gollaryny Sebastian Haller öz derwezesine girizdi we72-nji minutda Roman Ýaremçuk tapawutlandy.

 

Milli Liderimiz täze eserini döretmäge girişdi

 

Ýene-de okaň

Türkmen türgenleri «Ýüpek ýoly – 2025» rallisinde öňdelige eýeleýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Halkara Tennis Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär

Türkmenistan III GDA oýunlaryna gatnaşar

Ronaldo portugal tälimçi bellendi

Luka Modriç “Milan” toparyna geçdi

Ýoahim Löw Özbegistanyň milli ýygyndysyna baş tälimçi bolup biler

Ata Watan Eserleri