SPORT

Waran “Mançestere” geçýär

Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň goragçysy Rafael Waran mundan beýläk futbol ýoluny Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” toparynda dowam eder. Bu barada iňlis toparynyň “Tiwitter” jemgyýetçilik torunda habar berilýär.

Şol ýerde bellenilip geçilişi ýaly, taraplar deslapky ylalaşyga geldiler. Futbolçy lukmançylyk barlagyndna geçenden soňra ylalaşyk resmileşdiriler. Şondan soňra oýunçynyň şertnamasnyň şertleri kesgitlener we mälim ediler.

28 ýaşly fransuz goragçysy 2011-nji ýyldan bäri “Real” toparynda çykyş edýär. Ol 2020/21-nji möwsümde 41 duşuşykda oýnap, 2 gezek tapawutlandy.

“Transfermarkt” internet portalynyň habayrna görä, transferiň bahasynyň 70 million ýewro deň bolmagyna garaşylýar.

 

 

Türkmenistan halkara maslahata gatnaşdy

 

Related posts

Aşgabatda Welotrek boýunça dünýä çempionatyny guramak

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Aşgabatda “Ashgabat Open-2024” atly halkara tennis ýaryşy geçiriler