JEMGYÝET

Agajan Bekmyradow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezildi

2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürlemek işleri dowam edýär.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, şu gün Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary IV gurultaýy geçirildi. Ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda geçirilen gurultaýyň gün tertibiniň esasy meselesi Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgäri hödürlemek boldy.

Bu gurultaýyda Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň dalaşgärligi hödürlendi we tassyklandy.

Agajan Bekmyradow 1995-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlap, inžener-gurluşykçy hünärini aldy. Ol dürli ýyllarda Mary welaýatynyň etraplarynyň häkimliklerinde, Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Wekilbazar etrap mejlisinde, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Wekilbazar etrap birleşmesinde işledi we 2017-nji ýylyň aprel aýyndan bäri Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işleýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň  Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny 2022-nji ýylyň 12-nji martynda, şenbe güni geçirmek bellenildi.

Şoňa laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň iri syýasy guramalarynyň biri bolan Demokratik partiýadan Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär görkezildi hem-de Türkmenistanyň Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topary tarapyndan bellige alyndy, şeýle hem degişli şahsyýetnama gowşuryldy.

Dalaşgärleri bellige almak dowam edýär.

S.Berdimuhamedowyň dalaşgärligi bellige alyndy

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň belent münberinden täze başlangyçlary öňe sürdi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eswatininiň Patyşasy bilen duşuşdy

Türkmenistan Kuweýte energetika we ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmegi teklip etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýtiň Mirasdüşer şazadasy bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterreş bilen duşuşdy

Tokaýew: Türkmenistanyň Prezidentini Gazagystana gelmegini sabyrsyzlyk bilen garaşýarys