JEMGYÝET

Arkadag şäherinde ilkinji gezek Täze ýyl bellener

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherinde iş saparynda bolup, şäheriň ikinji tapgyrynda bina ediljek taslamalar bilen tanyşdy.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Ş. Durdylyýew bilen şäheriň Baş baýdak meýdançasyna geldi.

Arkadag şäheriniň Baş baýdak meýdançasynda Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralary ýaýbaňlandyrylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde Täze ýyl baýramçylygynyň ilkinji gezek bellenilýändigini belläp, dabaralaryň ýokary derejede türkmen toýlaryna mahsus ýagdaýda köpöwüşginli çykyşlar bilen utgaşmagyny üpjün etmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmedigini belledi.

Guralýan baýramçylyk dabaralary ulular üçin bolşy ýaly, ösüp gelýän ýaş nesiller üçin hem şatlykly pursatlara beslenmelidigini bellän türkmen halkynyň Milli Lideri şäheriň ähli çäklerinde göçme söwdalaryny guramagy, olarda sowgatlyk we azyk önümleriniň hödürlenmeginiň toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.

 

 

Ýene-de okaň

Turkmentextile Expo-2026: halkara moda görkezilişi geçiriler

Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Türkmenistana gelýär

Ata Watan Eserleri

Döwletliler köşgüniň çagalaryna welosipedler gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri zähmet rugsadyna çykdy

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda Çagalary goramagyň halkara güni bellendi

TÜRKSOÝ-dan türkmen halysyna ýörite diplom gowşuryldy