SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaý “Pfizer” koronawirus dermanyny satyn almaga rugsat berdi

Hytaý Halk Respublikasynyň Derman serişdeleriniň gözegçiligi boýunça döwlet müdirligi ABŞ-nyň “Pfizer” kompaniýasy tarapyndan öndürilen koronawirus ýokanjy garşy täsili bolan tabletka görnüşindäki “Paxlovid” derman serişdesiniň import edilmegini birnäçe şertler bilen tassyklady. Bu barada edaranyň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

“Paxlovid” derman serişdesi tabletka görnüşinde 2 görnüşde öndürilýär, ony 5 günüň dowamynda günde 2 gezek kabul etmek maslahat berilýär.

2021-nji ýylyň 22-nji dekabrynda ABŞ-nyň Azyk we derman önümleriniň hiline sanitar gözegçiligini edýän edarasy bu derman serişdesini öýken sowuklamasy keselinde gyssagly ulanmak babatda tassyklapdy.

Şondan soňra bu derman serişdesini Beýik Britaniýanyň, Ysraýylyň, Kanadanyň, Koreýa Respublikasynyň we Ýaponiýanyň degişli edaralary tassykladylar.

Maglumatlara görä, bu derman serişdesiniň koronawirus ýokanjyna garşy täsirlidigi bellenilýär.

Bu tassyknama “Pfizer” kompaniýasyna 2022-nji ýylda derman serişdesiniň 22 milliard dollar möçberinde satuwynyň amala aşyrylmagyna ýardam eder.

 

Türkmenistanyň saýlawlary geçirmek boýunça topara degişli işleri geçirmek tabşyryldy

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Aşgabady Seul bilen baglanyşdyrýan täze ugry açdy

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: Inçhon-Aşgabat-Stambul gatnawlaryny ýola goýar

Ankara türki dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty boldy

Ata Watan Eserleri

Fransiýada jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmek gadagan edildi

Ýylyň nika toýy: Jeff Bezos bilen Loren Sançes resmi taýdan öýlendi

Raýat awiasiýasy üçin halkara derejeli hünärmenler taýýarlanýar