ABŞ-nyň tehnologiýa ägirdi “Google”-yň girdejisi 2021-nji ýylda rekord goýdy. Kompaniýanyň girdejisi soňky çärýekde 32 göterim, ýylyň dowamynda bolsa 41 göterim ýokarlandy. “Google” kompaniýasynyň girdejisi 2021-nji ýylda 257 milliard dollardan geçdi.
“Google” -yň esasy kompaniýasy “Alphabet” -iň girdejisi geçen ýyl 32 göterim ýokarlanyp, geçen ýylyň soňky çärýeginde 75,3 milliard dollara barabar bolup, bazaryň garaşyşlaryndan ýokarydy.
“Alphabet” 2021-nji ýylyň dördünji çärýeginde balans hasabatyny yglan etdi. Şoňa laýyklykda kompaniýanyň geçen ýylyň soňky çärýeginde girdejisi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 32 göterim ýokarlanyp, 75,3 milliard dollara ýetdi. Kompaniýa 2020-nji ýylyň oktýabr-dekabr aýlarynda 56,9 milliard dollar girdeji gazanandygyny mälim etdi. Geçen döwürde “Alphabet” -iň girdejisine bazar garaşmalary 72 milliard dollara ýetmelidi. “Alphabet” -iň girdejisi 2021-nji ýylda 257,6 milliard dollara ýetip, geçen ýyldakydan 41 göterim köpeldi. Habardan soň “Google”-yň paýnamalary 8 göterim ýokarlanar.Beýleki tarapdan, kompaniýanyň arassa girdejisi geçen ýylyň soňky çärýeginde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 36 göterim ýokarlanyp, 20,6 milliard dollara ýetdi. Şereketiň her paýdan alýan girdejisi, 2020-nji ýylyň dördünji çärýeginde 22,3 dollar bolup, geçen ýylyň soňky çärýeginde 30,69 dollara çenli ýokarlandy. “Alphabet” -iň beýanynda “Google”-yň mahabat girdejileriniň ýylsaýyn artýandygy hem aýdylýar.
Şoňa görä-de, “Google”-yň mahabatlardan alýan girdejisi geçen ýylyň soňky çärýeginde geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 33 göterim ýokarlap, 61,2 milliard dollara ýetdi. “Google” 2020-nji ýylyň soňky çärýeginde 46,2 milliard dollar girdeji gazandy. “Youtube” -yň mahabat girdejisi şol döwürde 25 göterim ýokarlanyp, 8,6 milliard dollara ýetipdi.