JEMGYÝET

Ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO-nyň kafedralary dörediler

Şu gün hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagyna iş maslahatyny geçirdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, dutar ýasamak senetçiligini hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli güwanamanyň ýurdumyza gelip gowuşmagy mynasybetli käbir ýolbaşçylara tabşyryklar berildi.

Bu babatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew üçin şu tabşyryklar berildi:

  • Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO-nyň kafedralaryny döretmek boýunça işleri çaltlandyrmaly:
  • ÝUNESKO-nyň mekdepleri assosiasiýasyna ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň käbirini girizmek boýunça alyp barýan işleri güýçlendirmeli:
  • halkymyzyň dünýä medeniýetini goşan goşandyny, maddy hem ruhy medeniýetine düýpli öwrenmek we giňden wagyz etmek işlerini güýçlendirmeli:
  • şöhratly taryhymyzy, edebiýatymyzy, aýdym-saz sungatymyzy dürli döwürlerde ýazylan çeşmelerde we arheologik tapyndylarda duş gelýän maglumatlar esasynda halkara ylmy jemgyýetçiligine giňden ýetirmeli.

Ahalteke atlary, alabaý itleri, keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň sanawyna giriziler

Related posts

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna täze ýolbaşçy bellendi

Ata Watan Eserleri

Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ada eýe boldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Pakistana sapar bilen bardy

Ata Watan Eserleri