JEMGYÝET

Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ada eýe boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýan türkmen-türk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçirilen 16-njy mejlisiniň we onuň çäklerinde bolan duşuşygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen at, şeýle hem “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.

Related posts

Brýusselde Türkmenistan – ÝB Bilelikdäki komitetiniň mejlisi geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjanyň Prezidentini gutlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Hazar deňziniň ekoulgamyny goramakda tagallalary birleşdirmäge çagyrýar