DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti «Hytaý – Merkezi Aziýa» duşuşygyna gatnaşdy

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň başlangyjy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp onlaýn-sammit geçirildi.

Çäräniň başynda geçen 30 ýylyň dowamynda Hytaýyň hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy gazananlaryny hem-de dostlukly gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryny beýan edýän wideoşekiller görkezildi.

Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin çykyş etdi. Ol Hytaýyň bu sebitiň ýurtlarynyň ählisi bilen alyp barýan netijeli özara hereketleriniň ähli ulgamlary boýunça durmuşa geçirilýän strategiki hyzmatdaşlygyna ýokary baha berdi.

Soňra HHR-niň Başlygy Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň döwlet Baştutanlaryny aýratynlykda çykyş etmäge çagyrdy. Şunlukda Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti K.Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti S.Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti E.Rahmonyň, Türkmenistanyň Prezidenti G.Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.Mirziýoýewiň çykyşlary diňlenildi.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň Baştutany bu sebitiň ýurtlarynyň hem-de halklarynyň Hytaý bilen köpasyrlyk gatnaşyklaryny nygtamak bilen, şu günki sammitiň geçirilmeginiň özüniň dostlugyň hem-de hyzmatdaşlygyň gyşarnyksyz pugtalandyrylmagynyň derwaýyslygyna doly düşünmek arkaly, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky özara hereketlere berilýän ünsüň aýratyn ähmiýetine şaýatlyk edýändigini belläp geçdi.

Milletimiziň Lideriniň nygtaýşy ýaly, Hytaýdan gaýdyp Merkezi Aziýanyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoly tutuş dünýä siwilizasiýasynyň ösüşiniň hem-de öňe gidişliginiň faktory bolmak bilen, bu ýol arkaly özara hereketleriň, hoşniýetli goňşuçylygyň, bilimleri, ylymda we medeniýetde gazanylanlaryň alşylmagynyň ägirt uly hem-de özboluşly tejribesi toplanypdyr.

Duşuşygyň dowamynda bellenilip geçilişi ýaly, bu günki günde biziň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygy ählumumy parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine ähmiýetli derejede işjeň täsirini ýetirýär. Şu nukdaýnazardan, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly täze filosofiýanyň halkara tejribesine netijeli ornaşdyrylmagynda özüniň esasy hyzmatdaşlarynyň we pikirdeşleriniň hatarynda Hytaý Halk Respublikasyny we Merkezi Aziýa döwletlerini görýändigini belledi.

Ýurtlaryň ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk etmekleri üçin ägirt uly şertleri döredýän umumy mümkinçilikleriniň, kuwwatly gor, senagat, tehnologiki binýatlarynyň ähmiýetini öňe çykarmak arkaly, munda ýangyç-energetika pudagynyň esasy orunlaryň birini eýeleýändigi hem nygtaldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň we Özbegistanyň çäginden geçýän strategiki häsiýete eýe bolan Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini deňhukuklylyga, köptaraplaýyn bähbitleriň ileri tutulmagyna esaslanýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň anyk mysaly hökmünde beýan etdi.

Şonuň ýaly-da, taraplaryň ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi babatynda özara gyzyklanmalarynyň bardygy hem bellenilip geçildi. Türkmen tarapynyň öňe süren «Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegi» taslamasynyň «Bir guşak – bir ýol» ählumumy başlangyjy bilen öz filosofiýasy hem-de geoykdysady mazmuny taýdan hem utgaşýandygy aýratyn nygtaldy.

Ynsanperwerlik, bilim, sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ylmy we medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem sammitiň barşyndaky ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy.

Taraplar şonuň ýaly-da, pandemiýanyň ýaýramagyna hem-de onuň durmuş-ykdysady netijelerine garşy göreşmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna hem aýratyn üns berdiler. Şunda bu formatyň ýurtlarynyň ylmy-lukmançylyk bileleşikleriniň, epidemiologiki we sanitar gulluklarynyň, beýleki ugurdaş düzümleriniň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň guralynyň döredilmegi baradaky pikir orta atyldy.

HHR-niň ýolbaşçylaryny we ähli hytaý halkyny nobatdaky Olimpiada mynasybetli gutlamak bilen, Türkmen döwletiniň Baştutany Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň tutuş Ýer ýüzünde millionlarça adamlar üçin sportuň, parahatçylygyň we dostlugyň hakyky baýramyna öwrüljekdigini aýtdy.

HHR-niň Başlygy Si Szinpiniň jemleýji çykyşyndan soňra Döwlet baştutanlary onlaýn-sammitiň netijeleri boýunça bilelikdäki beýannamany kabul etdiler.

 

“Hytaý-Merkezi Aziýa” onlaýn sammiti geçirildi

Ýene-de okaň

Özbegistanda Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär