DÜNÝÄ

Türkmen wekiliýeti IRENA-nyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Bütindünýä hökümet sammitine (WGS 2024) gatnaşmagynyň çäklerinde daşary işler ministri R.Meredow bilen Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň (IRENA) Baş direktorynyň orunbasary Gauri Singhiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy, UNIDO, UNEP ýaly guramalar bilen hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

Hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda taraplar Türkmenistanda IRENA guramasynyň ýerli edarasyny açmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Related posts

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň Eýrana sapary meýilleşdirilýär

Siyaset alanında Yüksek Lisans Başvuruları

vepa

Ronaldo we Dibala Türkiýä öz kömek goluny uzatdy