DÜNÝÄ

Owganystanyň wekiliýeti Osloda gepleşikler geçirýär

Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Norwegiýanyň paýtagty Osloda ýewropaly wekiliýet bilen gepleşikler geçirýär.

3 gün dowam edýän gepleşiklerde adam hukuklary we ýurtdaky ynsanperwer kömegi baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Owgan wekiliýeti Norwegiýa, Ýewropa Bileleşigi, Angliýa, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa we Amerikanyň wekilleri bilen duşuşýar.

Häzirki wagtda hiç bir ýurt täze owgan hökümetini ykrar etmedi. Norwegiýanyň daşary işler ministri Anniken Huitfeldt owgan wekiliýeti bilen geçirilýän duşuşyklar barada beren beýanatynda: “Bu gepleşikleriň owgan hökümetini ykrar etmek diýen manyny bermeýär. Diňe owgan wekiliýeti bilen gepleşikleri geçirmekden ybaratdyr” -diýip, belledi.

Oslodaky duşuşyklarda ynsanperwer, ykdysady, jemgyýetçilik we syýasy meseleleri çözmegiň usullaryny ara alyp maslahatlaşjakdygy bellenildi.

Owganystandaky hökümetiň metbugat sekretary Zabihullah Mujahid, Yslam Emirliginiň halkara jemgyýetçiliginiň talaplaryny kanagatlandyrmak üçin çäreler görýändigini belledi. Ol täze hökümetiň ykrar edilmeginiň isleýändigini belleýär.

Owganystanyň wekiliýetleri soňky döwürde gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek maksady bilen yzygiderli saparlary amala aşyrýarlar.

Hususan-da, Owganystanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Amir Han Mottakiniň ýolbaşçylygyndaky owgan wekiliýeti Eýranda, Türkmenistanda, Hytaýda we beýleki döwletlerde saparda boldy.

 

Hepdelik täleýnama (24-30 ýanwar)

Related posts

Täjigistanyň ilaty soňky 10 ýylda 26 göterim artdy

Milli Liderimiz täze eserini döretmäge girişdi

Ata Watan Eserleri

Mongoliýa Türkmenistan bilen ulag ulgamyny ösdürmekde hyzmatdaşlyk eder