BILIM

Türkiẏäniň talyp haklary» meẏilnamasyna kabul edişlik başlaẏar

2021-nji ẏylda dünẏäniň 178 ẏurdundan 165511 dalaşgär «Türkiẏäniň talyp haklary» meẏilnamasyna gatnaşyp, bu san meẏilnamanyň taryhynda iň uly gatnaşyk görkezijisini emele getirdi.

«Türkiẏäniň talyp haklary» meẏilnamasynyň çäklerinde talyplara diňe bir talyp haklary berilmän, eẏsem, olaryň uniwersitetlere ẏerleşmegi hem üpjün edilẏär. Bu bolsa ony beẏleki ẏurtlaryň şuňa meňzeş meẏilnamalaryndan tapawutlandyrẏan häsiẏetdir.

Her aẏ berilẏän talyp hakyndan başga-da uçar petegi, uniwersitetiň goşant tölegleri, umumy saglyk ätiẏaçlandyrmasy, umumy ẏaşaẏyş jaẏy we türk dilini özleşdiriş okuwy hem meẏilnamanyň çäklerinde üpjün edilẏär.

Görkezilenlere goşmaça hökmünde talyplaryň Türkiẏede bolẏan döwründe, geçirilẏän jemgyẏetçilik, medeni we akademiki çärelerine-de gatnaşmaklary maksat edinilẏär.

Has takyk maglumat almak üçin:

www.turkiyeburslari.gov.tr

http://askabat.be.mfa.gov.tr/Mission/ShowAnnouncement/390149

Telefon: +993 12 273752

E-mail: turkmenistan.egt.mus@meb.gov.tr

Meẏilnama ẏüz tutumak üçin iň soňky sene: 2022-nji ẏylyň 20-nji fewraly.

 

4 Dilde gürleýän Sözlük: Makul Sözlük Rus dilinde

Ýene-de okaň

Büzmeýin etrabynda täze mekdep, çagalary bagy we saglyk öýi gurlar

Türkmenistanda galla oragyna girişiler

Kaliforniýada Türkmen mekdep okuwçylary Ata Watanymyzy tanyşdyrdy

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň wekiliýeti “OpenAI” kompaniýasy bilen emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna gatnaşýar

Abdulkasym Ferdöwsiniň şygryýet güni mynasybetli goşgy okamak bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri