TEHNOLOGIÝA

Ýapon ägirdi “Panasonic” hepdede 4 gün iş ulgamyna geçýär

Ýaponiýanyň elektronika ägirdi “Panasonic” 4 günlük iş ulgamyna geçip, 3 günlük dynç alyş mümkinçiligini hödürläp biljekdigini habar berdi.

“Panasonic” -iň prezidenti we ýerine ýetiriji direktory (CEO) Kusumi Ýuki onlaýn metbugat ýygnagynda “Hepdede 3 gün dynç alyş meýilnamasyny” durmuşa geçirip boljakdygyny aýtdy. Kusumi, işewürlik görnüşleriniň köpelmegini goldaýandyklaryny belläp, işgärlerine goşmaça iş, akademiki iş we meýletin taslamalary ýerine ýetirip biljekdigini aýtdy. Kusumi: “Dürli häsiýetli we başarnykly işgärlerimiz bar. Kompaniýa hökmünde durmuş bilen işiň arasynda deňagramlylygy saklamak biziň jogapkärçiligimizdir” -diýdi. Kusumi meýilnamanyň çäginde has köp işgäri öýden işlemäge höweslendirmek isleýändiklerini belläp, bu mümkinçilikleri çözmek üçin kompaniýanyň içindäki kärdeşler arkalaşyklary bilen zerur gepleşikleriň geçiriljekdigini hem mälim etdi.

Ýaponiýada hökümet milli kompaniýalara “Covid”-19-a garşy maliýe özgertmeleriniň çäginde “hepdede 3 gün islege görä işlemek” mümkinçiligini bermäge çagyrypdy.

“Panasonic”, öňki “Matsushita Electric Industrial Co.” Ýaponiýada ýerleşýän elektronika markasy bolup, 1918-nji ýylda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde esaslandyryldy. Döredilen döwründe bary-ýogy 3 işgäri bolan bu kompaniýa häzirki wagtda ýüzlerçe adam işleýär. Matsuşita dünýädäki iň uly sarp ediji elektronika öndürijilerinden biridir. 2008-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda adyny “Panasonic Corporation” diýip üýtgetdi. Şeýle hem, “Nokia” tarapyndan öndürilen jübi telefonlary üçin batareýalary öndüriji boldy. Üstünlik gazanan kompaniýa 1918-nji ýylda esaslandyryjy Konosuke Matsuşita iki rozetkaly lampany oýlap tapanda esaslandyryldy. Matsuşita ömrüniň dowamynda elektrik ulaglary bilen gyzyklandy. Ol ýaş wagtynda telekeçilik pudagyna giripdi we 22 ýaşyndaka elektrik togy bilen baglanyşykly bir işi etmek kararyna geldi. Az salymdan Osaka elektrik, ýagtylyk kompaniýasyna işe girdi. Bu üstünlikleriň hemmesinden soň, 1923-nji ýylda welosiped çyrasyny we 1931-nji ýylda radiony ösdürmegi dowam etdirdiler. 4 ýyldan soň ilkinji telewizorlaryny öndüren topar sarp ediş elektronikasy pudagynda uly üstünlik gazandy.

Gazagystanda täze Premýer-ministr belli boldy

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Eýranyň aragatnaşyk ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

USAID-iň YDA taslamasy “TechYouth Bootcamp” maksatnamasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyga çagyrýar

Ata Watan Eserleri

«Türkmentel-2024»: maglumat tehnologiýalary üçin täze mümkinçilikler açýar

Ata Watan Eserleri

“Nvidia” – dünýäniň iň gymmatly brendi

Aşgabatda 17-nji gezek “Türkmentel-2024” atly halkara sergi geçiriler

“TikTok”-yň esaslandyryjysy Hytaýyň iň baý adamy boldy