DÜNÝÄ

Türkmenistan Gazagystana tebigy gaz we elektrik toguny ibermäge taýýar

Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdan daşary onlaýn mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

R.Meredow onlaýn tertipde geçirilen duşuşykda eden çykyşynda 2021-nji ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitiniň ähmiýetini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sammitde eden çykyşynda: “Ýurtlarymyzyň halklaryny parahatçylygy, durnuklylygy we özara düşünişmegi üpjün etmegi maksat edinýän uzak möhletli taryhy kökleri bolan umumy gymmatlyklar birleşýär.”

Ministr bu düýpli çemeleşmä esaslanyp, Türkmenistan sebitiň ýurtlarynda ykdysady, durmuş we ynsanperwer ösüşi kepillendirýän dowamly parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin Guramanyň ähli agza döwletleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini aýtdy.

Soňky günlerde Gazagystanda bolup geçen wakalar barada durup geçen R.Meredow, Türkmenistanyň Gazagystanyň has durnukly jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşinde bu ýurtdaky ýagdaýyň gysga wagtda kadalaşmagyna gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Gazagystanyň halkyna parahatçylyk we abadançylyk arzuwlaryny beýan eden R.Meredow, bu maksada ýetmek üçin Türkmenistanyň ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen Bitarap döwlet hökmünde Gazagystanyň halkyna ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda goldaw bermäge taýýardyr.

Şunuň bilen baglylykda, R.Meredow Türkmenistanyň şu ýylyň mart aýyndan başlap, Gazagystan Respublikasyna tebigy gaz iberip başlamaga taýýardygyny aýtdy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň doganlyk Gazagystany zerur mukdarda elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge taýýardygy bellenildi.

 

Gazagystanda täze Premýer-ministr belli boldy

Ýene-de okaň

«Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji sammitine taýýarlyk mejlisi geçirildi

Malaýziýanyň Premýer-ministri Tatarystandan ozal Özbegistana bardy

Türkmenistanyň wekiliýeti Azerbaýjan Respublikasynda geçirilen halkara maslahata gatnaşdy

Gazagystanyň Prezidenti ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy

Türkmenistan ÝB we Merkezi Aziýanyň Owganystan boýunça duşuşygyna gatnaşdy

Şawkat Mirziýoýew Donald Trampy Özbegistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy