Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy koronawirus ýokanjyna garşy öndürilen “Nuwaksowid” (Nuvaxovid) sanjymyny adatdan daşary ýagdaýlarda ulanmak üçin maslahat berilýän COVID-19 sanjymlarynyň sanawyna goşdy. Bu sanjymy şol bir wagtda Ýewropanyň derman serişdeleri agentligi hem tassyklady.
BSGG-niň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu sanjym “Novavax” kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi.
Mundan ozal, BSGG gyssagly ulanmak üçin “Modernа”, “Pfizer”, “Janssen “(Johnson&Johnson), “AstraZeneca”, Hytaýyň “Sinopharm” we “Sinovac”, Hindistanyň “Covaxin” we “Covishield”, şeýle hem “Covovax” sanjymlary tassyklady.
2022-nji ýylda “Oskar†baýraklarynyň gysga sanawy yglan edildi