SPORT

Türkmen agyr atletikaçylarynyň dünýä çempionatyndaky çykyşlary başlanýar

Şu gün Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysy Daşkent şäherinde geçirilýän dünýä çempionatyndaky çykyşlaryna girişer. Bu abraýly ýaryşda Watanymyzyň adyndan çykyş etjek ilkinji wekillerimiz zenanlaryň arasynda 49 kilograma çenli agram derejesinde ýaryşjak Ýulduz Jumabaýewa bilen Bägül Berdiýewa bolar. Bu agram derejsiniň «A» toparçasyndaky ýaryşlar agşam sagat 19-da başlanar. Biziň ildeşlerimiziň şu günki ýaryşda medal üçin nähili mümkinçiligi bar?

Ýulduz Jumabaýewa

2018-nji ýylda 45 kilograma çenli agram derejesinde dünýäniň çempiony bolmagy başaran Ýulduz Jumabaýewa şu ýyl Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyny tamamlap, dogduk etrabynda ― Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda tälimçi bolup işe başlady. Ol karýerasyndaky esasy üstünliklerini Aşgabatda geçirilen halkara ýaryşlarda gazandy. Has takygy, 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp bolan Ýulduz şondan bir ýyl soňra ýene-de Aşgabatda dünýäniň çempiony boldy.

Dünýä çempionatynyň maglumat beriji resminamasy bolan «Start Listde» görkezilişi ýaly, Ýulduz Jumabaýewanyň şahsy rekordy 190 kilograma çenli ýetýär. Bu agramda «A» toparçada ýaryşjak 11 türgeniň arasynda Ýulduzdan şahsy netijesi boýunça diňe tailandly türgen Suroçana Kambao ýokary. Ol şahsy rekordyny 203 kilograma çenli ýetirip bilipdir. Eger şu gün özüne ynamly we üstünlikli çykyş edip bilse, Ýulduz Jumabaýewanyň şu dünýä çempionatynda ýurdumyza ilkinji medaly gazandyrmaga mümkinçiligi bar. Muny başaryp bilse, ol dünýä çempionatlaryndaky ikinji medalynyň eýesi bolar.

Bägül Berdiýewa

26 ýaşly türgen özüni dünýä çempionatlarynda ilkinji gezek synap görer. Geljek ýylda Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň uçurymy boljak Bägül ozal Yslam Raýdaşlyk oýunlaryna, Aşgabatda we beýleki döwletlerde geçirilen Aziýa çempionatlarynda, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşdy.

Bägül Berdiýewanyň şahsy rekordy 180 kilograma ýetýär. Bu bolsa öz agram derejesinde üçünji orna deň gelýär. Diýmek, biz şu gün agşam Bägülden hem medal hantama bolup bileris.

Ildeşlerimiziň garşydaşlary kimler?

«B» toparça

1 ODUOR Janet Atieno, doglan wagty: 23.12.1993, döwleti: Keniýa. Şahsy rekordy: 90 kg.

2. NTUMI Winnifred, doglan wagty: 28.09.2002, döwleti: Gaiti. Şahsy rekordy: 132 kg.

«A» toparça

3. OTOJONOVA Zukhra, doglan wagty: 02.10.2001, döwleti: Özbegistan. Şahsy rekordy: 160 kg.

4. TAKAHASHI Ibuki, doglan wagty: 24.03.1997, döwleti: Ýaponiýa. Şahsy rekordy: 165 kg.

5. HARIROH Siti Nafisatuh, doglan wagty: 14.04.2001, döwleti: Indoneziýa. Şahsy rekordy: 180 kg.

6. DALABEHERA Jhilli, doglan wagty: 02.03.1999, döwleti: Hindistan. Şahsy rekordy: 175.

7. SUZUKI Rira, doglan wagty: 09.06.1998, döwleti: Ýaponiýa. Şahsy rekordy: 180 kg.

8. KHAMBAO Surodchana, doglan wagty: 23.12.1999, döwleti: Tailand. Şahsy rekordy: 203 kg.

9. KINGSLEY Stella Peter, doglan wagty: 13.11.2002, döwleti: Nigeriýa. Şahsy rekordy: 170 kg.

10. PEREZ Elien Rose Jorolan, doglan wagty: 28.08.1998, döwleti: Filippinler. Şahsy rekordy: 170 kg.

11. GIMENEZ GUERVOS Maria Jose, doglan wagty: 27.04.1993, döwleti: Ispaniýa. Şahsy rekordy: 170 kg.    

https://www.atavatan-turkmenistan.com/8-nji-dekabr-yyldyzlar-name-diyyar-gundelik-taleynama/

Ýene-de okaň

Maýk Taýson Jeýk Poldan ýeňildi

«Köpetdag» – ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň ýeňijisi

Maýk Taýson hem-de bloger Jeýk Pol boks tutluşygyna çykýar

Ata Watan Eserleri

Dünýädäki iň garry futbolçy täze kluba geçdi

Messi “Inter Maýamide” galmak isleýär

Tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşy başlady

Ata Watan Eserleri