BIZNES

Garyşyk mineral dökünleri öndürmek işi ýola goýulýar

Türkmenabatdaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünleriniň önümçiligini ýola goýmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde bellenildi.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan mineral dökünleri öndürmegiň mukdaryny artdyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Konserniň garamagyndaky kärhanalarda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň zerurlyklaryny kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän azotly, fosforly we kaliý dökünleri ýeterlik möçberde öndürilýär. Önümiň köp bölegi bolsa daşary ýurtlara iberilýär.

Häzirki wagtda dünýäniň oba hojalyk önümçiliginde garyşyk mineral dökünler giňden peýdalanylýar, onuň düzüminde azodyň, fosforyň, kaliniň dürli gatnaşyklary bar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanalarynyň önümleriniň esasynda ekerançylyk üçin peýdaly bolan dökünleriň şu görnüşini öndürmek meýilleşdirilýär, bu bolsa ykdysady taýdan, şol sanda daşary ýurtlara ibermek babatynda has bähbitlidir.

Şu maksat bilen, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň hünärmenleri bilen bilelikde zerur resminamalar taýýarlanyldy. Bar bolan düzümleri nazara alyp, Türkmenabatdaky himiýa zawodynda ýyllyk kuwwaty 170 müň tonna önüme barabar bolan garyşyk mineral dökünleri öndürmek boýunça önümhananyň işini ýola goýmak maksadalaýyk hasaplanylýar. Bu taslamany Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň karz serişdelerini çekmek esasynda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

 

Ulag düzüminiň sanly kartasy düzüler

Ýene-de okaň

“Fitch Rating” Türkmenistanyň karz reýtingini ýokarlandyrdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen-özbek haryt dolanyşygy 940 million dollara barabar boldy

Lebapda şaly borçnamasy berjaý edildi

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türki döwletleriň ýük daşaýjylar bileleşigi döredildi

Türki dünýäsiniň zenan işewürleri Astanada duşuşdy