DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen FAO hyzmatdaşlygynda täze döwür

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasy (FAO) bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek hakynda hasabat berdi.

Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen köpugurly gatnaşyklaryň Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygy bellenildi. Bu babatda oba hojalygyny durnukly ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda FAO bilen gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda FAO bilen bilelikde sebitleýin taslamalaryň 5-si amala aşyrylýar. Şeýle hem halkara tejribä daýanylyp, ýokarda agzalan ulgamlarda öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasion çözgütler we häzirki zaman ylmy çemeleşmeler ornaşdyrylýar. Şolar Durnukly ösüş maksatlaryna laýyk gelýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp, BMG-niň şu düzümi bilen hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin birnäçe teklipler işlenip taýýarlanyldy. Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyna esaslanyp, FAO guramasynyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistan boýunça Maksatnamasyny işläp taýýarlamak teklip edilýär. FAO bilen bilelikde obasenagat toplumy, ekologiýa we howanyň üýtgemegi meselelerine degişli taslamalary durmuşa geçirmek maksadalaýyk hasaplanylýar. Hususan-da, häzirki wagtda FAO tarapyndan «Merkezi Aziýada ownuk şahly mallary köpeltmegiň netijeliligini artdyrmak arkaly bug gaz zyňyndylaryny azaltmaga ýardam bermek» atly sebitleýin taslama ýerine ýetirilýär.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň bu taslama goşulmagy baradaky teklibi beýan etdi. Munuň özi oba ýerleriniň durnukly ykdysady ösüşine gönükdirilendir. Şeýle hem FAO-nyň hem-de ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň arasynda degişli ylalaşygy baglaşmak teklip edilýär.

Mundan başga-da, obasenagat toplumynyň hem-de tutuş milli ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň biri bolan pagtaçylykda hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, bu ugurda önümçilik tehnologiýalaryny gowulandyrmak we pagta ýygymyny mehanizasiýalaşdyrmak arkaly, pagtaçylyk pudagynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen FAO bilen bilelikdäki taslamany durmuşa geçirmek teklip edilýär. Taslamanyň çäklerinde tehniki kuwwatlyklar arkaly gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, agrotehniki usullary we pagtanyň seleksiýasy babatda ylmy-barlag işlerini güýçlendirmek hem-de bu işleriň netijeliligini sanly tehnologiýalar arkaly ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar.

FAO bilen gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, häzirki wagtda bu guramanyň Türkmenistandaky wekilhanasyny açmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Munuň özi göni ikitaraplaýyn gatnaşyklary amala aşyrmaga mümkinçilik berer. Şundan ugur alnyp, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de FAO-nyň hünärmenleri bilen bilelikde degişli Ylalaşygyň taslamasyny işläp düzmek teklip edilýär.

 

Türkmen lukmanlary Germaniýada iş saparynda bolar

Ýene-de okaň

Özbegistanda Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär