Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäheriniň Demokratiýa we azatlyk adasynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki Geňeş) VIII sammiti geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, bu sammite hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagy boýunça gatnaşdy.
Şeýle hem bu sammite Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban we Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň baş sekretary Bagdad Amreýew gatnaşdy.
Bu sammitiň çäklerinde gurama agza döwletleriň Baştutanlary tarapyndna birnäçe resminamalara gol çekildi.
Gol çekilen resminamalar şeýle:
- Türk dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň adyny Türk döwletleriniň guramasyna üýtgetmek karary;
- Türki döwletleriniň guramasynyň 8-nji sammitiniň jarnamasy;
- Türk dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşinde Türkmenistana synçy statusyny bermek karary;
- Türk döwletleri guramasynyň “Türk dünýäsiniň agzybirligine goşan goşandy üçin” Alişer Nawoýi adyndaky Halkara baýragyny döretmek hakyndaky karary;
- Türki döwletleriniň guramasynda hyzmatdaş statusyny döretmek karary;
- «2040-njy ýyla çenli Türki dünýäsiniň Konsepsiýasy» tassyklamak karary;
- Türki döwletleriniň guramasynyň hormatly başlygy baradaky Düzgünnama barada karar;
- Türki döwletleriniň guramasynyň Baş sekretarynyň ygtyýarlyk möhletini uzaltmak baradaky karary;
- Türki döwletleriň guramasynyň baş sekretarynyň orunbasaryny bellemek baradaky karary;
- Türki döwletleriniň guramasynyň Türk maýa goýum ösüş gaznasynyň döredilmegini tamamlamak karary.
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň duşuşygy