BIZNES

Ýanwar-oktýabr aýlarynda 248 birža söwdasy geçirildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly ýurdumyzyň söwda toplumyndaky işleriň ýagdaýyna hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjow, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýew durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň çäginde ýurdumyzyň eksportyny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, daşary söwdanyň gerimini giňeltmek boýunça giň möçberli işleriň amala aşyrylýandygy barada hasabat berdi.

Şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda 248 sany birža söwdasy amala aşyrylyp, olarda 2082 geleşik baglaşyldy.

Hasabat döwründe hasaba alnan eksport-import şertnamalarynyň umumy bahasy 23 milliard 372 million manada deň bolup, olardan eksport şertnamalary amallaryň 23,8 göterimini, import şertnamalary amallaryň 76,2 göterimini düzýär.

Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, biržada elektron resminama dolanyşygy ornaşdyryldy. Elektron resminama dolanyşygynyň, şertnamalary bellige almagyň, birža söwdalaryny sanly ulgam arkaly geçirmek üçin ulgamy tehniki taýdan işläp taýýarlamak we işe girizmek maksady bilen halkara bäsleşik yglan edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda eksport-import amallaryny kadalaşdyrýan esasy edara hökmünde Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz biržanyň Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň görkezijisi, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň önümlerine bolan islegi aýdyň görkezýän maglumatlaryň kuwwatly çeşmesi bolup hyzmat edýändigini aýdyp, birža söwdalaryny has-da ösdürmek hem-de olaryň gerimini giňeltmek boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz türkmen eksport harytlary üçin durnukly nyrhy emele getirmegiň usullaryny döretmegiň esasy wezipedigine ünsi çekdi. Munuň özi girdejileriň artmagyna hem-de halkara bazarlarda döwletimiziň ornuny pugtalandyrmaga ýardam eder.

 

Türkmenistan ÝB – Merkezi Aziýa ykdysady forumyny gatnaşýar

Ýene-de okaň

Aşgabatda “Agro Pack Turkmenistan-2026” atly halkara sergisi geçiriler

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi