TEHNOLOGIÝA

“iPhone” awtoulag heläkçiligini habar berer

“Apple” kompaniýasy “iPhone” smartfonlarynyň awtoulag heläkçiligini anyklamagyny we gyssagly kömek belgisine awtomatiki usulda aýlamagyny isleýär.

ABŞ tehnologiýa ägirdi “Apple” ulanyjylary üçin täze howpsuzlyk aýratynlygyny durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Alnan maglumata görä, kompaniýa “iPhone” we “Apple Watch” modellerine awtoulag heläkçilikleri awtomatiki kesgitlemäge mümkinçilik berer.

Şeýle hem smartfonlarda özbaşdak awtoulag heläkçiliginde gönüden-göni gyssagly tiz kömek gullugyny çagyrmak hyzmatyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Bu aýratynlyk, awtoulag heläkçiligi ýüze çykanda, “Apple” enjamlarynda gurlan datçiklerden maglumatlary ulanar.

“Apple” kompaniýasy “iPhone” we “Apple Watch” ulanyjylaryndan maglumatlary ýygnamak arkaly çaknyşygy ýüze çykarmagy synagdan geçirýär.

Şeýle hem “Wall Street Journal” neşiriniň habaryna görä, “Apple” kompaniýasy öndürýän tehnologiýa enjamlarynda has köp saglyk we howpsuzlyk aýratynlyklaryny hödürlemek isleýär. Bularyň arasynda “Apple Watch” sagadyndaky gan basyşyny ölçeýän ulgam we termometr, “iPhone” telefonlaryndaky depressiýany we aň-düşünjäniň peselmegini kesgitlemek algoritmleri we beýlekiler bar.

 

Hindistan gurakçylygyň çözgüdini gözleýär

Ýene-de okaň

Türkmenistanda edaralaryň arasyndaky elektron maglumat alyş-çalyş ulgamy işe girizildi

ABŞ bilen Hytaý emeli aň ulgamynda öňdebaryjy ýurtlar

Türkmenistanda «Elektron hökümet» ulgamy ösdürilýär

Amerika emeli aň ulgamynda dünýäde birinji bolmagy maksat edinýär

Ata Watan Eserleri

Hytaýda internet ulanyjylarynyň sany 1,12 milliarddan geçdi

Niderlandlarda ilkinji sürüjisiz awtobus synagdan geçirilýär