2021-nji ýylyň 26-28-nji oktýabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynda saparda bolýar.
Saparyň çäklerinde, 26-njy oktýabrda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi tarapyndan kabul edildi.
Gepleşikleriň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi.
Türkmenistan bilen Eýranyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň yzygiderli häsiýete eýedigini belläp, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ähmiýetli mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar.
Sebit we halkara guramalaryň, hususan-da BMG-niň çäklerindäki gatnaşyklaryň geljekde has hem işjeňleşdirilmegine bolan özara gyzyklanma beýan edildi. Bu ugurda taraplar Hazarýaka ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň VI Sammitine hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji ýokary derejeli duşuşygyna görülýän taýýarlyklara aýratyn üns çekdiler.
Şol gün, Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Eýranyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi.
Bu geňeşmeleriň konstruktiw häsiýetini nygamak bilen, ministrler Raşid Meredow we Hosseýn Amir Abdollahiýan taraplaryň özara bähbitli türkmen-eýran gatnaşyklarynyň gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça giňeldilmegine meýil bildirýändiklerini tassykladylar.
Iki ýurduň syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi bellenip geçildi. Döwlet ýolbaşçylarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli häsiýetini nygtap, taraplar ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine seredip geçdiler.
Mundan başga-da, iki ýurduň sebit we halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygynyň oňyn ösüşi bellenildi. Taraplar köptaraplaýyn formatlaryň çäklerinde iki ýurduň başlangyçlarynyň özara goldanylmagy ugrundaky bilelikdäki hereketleriň netijeliligini beýan etdiler.
Iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 2021-2022-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlyk etmek hakynda bilelikdäki maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi nukdaýnazaryndan, taraplar syýasy geňeşmeleriň indiki tapgyrynyň 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde Aşgabatda geçirilmegi babatynda ylalaşdylar. Geljekde hyzmatdaşlygyň hökümetara we pudagara resminamalaryň agramly bukjasyndan ybarat şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň zerurlygy hem nygtaldy.
Şeýle-de diplomatlar parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe gönükdirilen sebit derejesindäki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmegiň derwaýyslygy barada aýtdylar. Hazar deňziniň ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy bellenildi.
Taraplar iki ýurduň deňiz ýük gatnawlarynyň mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen, ulag gatnawlaryny işjeňleşdirmek, energoserişdelerini ibermek bilen bagly meselelere seredip, Türkmenbaşy–Bender-Enzeli ugry boýunça özara hereketleriniň güýçlendirilmeginiň wajyplygy barada aýtdylar.
Serhetýaka hyzmatdaşlygyň çäklerindäki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak bilen, ministrler sanitar-epidemiologiýa görkezijileriniň kadalaşmagyndan soňra türkmen-eýran serhedinde ýene bir barlag-geçiş nokadynyň üstünlikli işläp başlandygyny bellediler.
Şeýle-de taraplar konsullyk meseleleri hem-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň geljekki ösüşi babatda pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Eýranyň nebit ministri bilen duşuşdy