DÜNÝÄ

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Eýranyň nebit ministri bilen duşuşdy

EYR-na saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Nebit ministri Jawad Owji bilen duşuşygy geçirildi.

Işjeň gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň hem-de Eýranyň energetika ulgamynda ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtamak bilen, taraplaryň bu ugurdaky ähmiýetli başlangyçlarynyň sebit hem-de halkara düzümleriniň çäklerinde yzygiderli goldanylýandygyna kanagatlanma bildirdiler.

Ýurtlaryň energetika ulgamyndaky özara hereketleriniň derwaýys meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Geljekde iki ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň pudaklaýyn hyzmatdaşlygynyň has-da işjeňleşdirilmeginiň derwaýyslygy nygtaldy.

 

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri duşuşdy

Related posts

Türkmenistanyň ilçisi ÝB-niň wekiline tassyklanan resminamany gowşurdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Trinidad we Tobago diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Londonyň iň dar jaýy satuwda