Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda ýubileý ýylynyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R. Meredow degişli döwürde Daşary işler ministrliginde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek hem-de öňde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, ýanwar — sentýabr aýlarynda degişli işler geçirildi.
Halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýokary derejedäki saparlar, duşuşyklar we gepleşikler aýratyn orun eýeleýär. Hasabat döwründe Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana geldiler. Şeýle hem ýurdumyza Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň resmi sapary we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet sapary boldy.
Awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy geçirildi.
Sentýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde iş saparynda boldy we şol ýerde hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy.
Hasabat döwründe onlaýn tertipde Türkmenistanyň Prezidentiniň birnäçe ýurtlaryň Liderleri bilen duşuşyklary geçirildi. Milli Liderimiz şeýle hem sanly ulgam arkaly geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 14-nji sammitine, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatyna hormatly myhman hökmünde, BMG tarapyndan guralan maslahata, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitine gatnaşdy.
22-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdi.
Hasabat döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen 54 wekiliýet ýurdumyza sapar bilen geldi. Şol döwürde Türkmenistanyň wekiliýetleriniň 30-sy daşary ýurtlara iberildi.
Sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň 1 müň 313-si guraldy. Ýylyň başyndan bäri halkara resminamalaryň 112-sine gol çekildi.
Daşary işler ministrliginiň ugry boýunça duşuşyklar we geňeşmeler yzygiderli geçirildi. “Merkezi Aziýa — ABŞ” (“C5+1”), “Merkezi Aziýa — Hytaý”, “Merkezi Aziýa — Russiýa” derejesindäki duşuşyklaryň birnäçesi, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti ýurtlarynyň ýokary derejeli maslahaty hem-de “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” ýokary derejeli dialogyň nobatdaky tapgyry geçirildi.
Türkmenistanyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Ýanwar — sentýabr aýlarynda türkmen-belarus, türkmen-rus, türkmen-täjik, türkmen-özbek hökümetara toparlarynyň, Türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň, Senagat boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki iş toparynyň çäklerinde nobatdaky duşuşyklar hem-de daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen gepleşikler geçirildi.