DÜNÝÄ

Russiýada täze baýramçylyk peýda boldy

Russiýanyň Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin ýurtda täze baýramçylygyň döredilmegi baradaky başlangyjy goldady we her ýylyň oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde “Kakalar gününiň” bellenmegi baradaky kararnama gol çekdi.

Ýurduň Prezidentiniň gol çeken resminasynda “Maşgala institutyny berkitmek we kakanyň çagalary terbiýelemekde ähmiýetini ýokarlandyrmak üçin men “Kakalar gününi” bellemek we oktýabr aýynyň üçünji ýekşenbesinde bellemek kararyna gelýärin” diýlip bellenilýär.

Russiýanyň Zähmet we durmuş üpjünçiligi ministrligi iýul aýynda ýurtda “Kakalar gününi” bellemek barada köpçülikleýin pikir soraşma geçirdi. Şol pikir soraşmanyň netijeleri Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putine iberildi.

 

Sukerbergiň ýitgisi 7 milliard dollar

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň mejlisine gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýede birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi

Türkmen wekiliýeti metan gazyny azaltmak boýunça maslahata gatnaşdy

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»