DÜNÝÄ

23 million dollarlyk hajathana

Halkara kosmos bekedinde kosmonawtlar tarapyndan ulanyljak hajathana kosmos giňişligine çykaryldy. Bu hajathananyň bahasy 23 million dollara deňdir. Metbugatdaky habarlara görä, “Cygnus” kosmos ulagy arkaly bu hajathana kosmos bekedine eltildi.

ABŞ-nyň Wirginiýa ştatynyň “Wallops” kosmodromyndan Halkara kosmos bekedine uçurylan kosmos ulagy bekede baryp ýetdi. NASA guramasynyň habar bermegine görä, astronawtlar üçin taýýarlanan 23 million dollara deň bolan bu hajathana geljekki Aý we Mars missiýalaryna laýykdygy ýa-da ýokdugy synag ediler.

Bu hajathana kosmos giňişligine synag maksatly iberildi. Kosmonawtlar bu hajathanadan hoşal bolan halatynda şeýle hajathanalar 2024-nji ýylda Aýa iberiljek kosmos gämilerinden hem peýdalanylar.

Soňky döwürde Mars planetasyny öwrenmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Bu babatda ABŞ, Russiýa ýaly döwletler bilen bir hatarda Hytaý, Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlar hem bu ugra has köp ähmiýet berýärler.

Şu ýylyň iýulynda Hytaý Marsda hyzmat etjek ilkinji gözleg ulagy bolan kosmos gämisini uçurdy. Hytaýlylar tarapyndan uçurylan kosmos gämi 7 aýda 55 million kilometr ýoly geçip, 2021-nji ýylyň fewral aýynda Marsa ýeter diýlip garaşylýar.  Şeýle hem 2020-nji ýylyň iýulynda Birleşen Arap Emirlikleriniň “Al-Amal” (“Umyt”) kosmos zondy Ýaponiýanyň Tanegasima adasyndaky kosmodromyndaky “H-IIA” raketa göterijisi arkaly Mars planetasyna uçuryldy.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti «Köppolýarlylyk döwri: ugurlaryň köplügi, bir geljek» atly Dubrownik forumyna gatnaşdy

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary