Türkiýe Respublikasynyň “Gap Inşaat” kompaniýasy paýtagtymyz Aşgabatda täze saglyk merkezlerini gurar. Täze saglyk merkezleriniň gurulmagy babatda hormatly Prezidentimiz degişli Kararlara gol çekdi.
Şol resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Aşgabat şäherinde 400 orunlyk Halkara sagaldyş we dikeldiş merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdelerini bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak gurmak barada “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş” türk kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerini 2021-nj ýylyň oktýabr aýynda başlamaga hem-de Halkara sagaldyş we dikeldiş merkezini 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine Aşgabat şäherinde 200 orunlyk Halkara Fizioligiki ylmy-kliniki merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony döwrebap lukmançylyk enjamlary, ätiýaçlyk şaýlary we sarp ediş serişdelerini bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak, ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak gurmak barada “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş” türk kompaniýasy bilen şertnamany köne ylmy-kliniki merkeziň binalaryny söküp aýyrmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerini 2021-nj ýylyň oktýabr aýynda başlamaga hem-de Halkara sagaldyş we dikeldiş merkezini 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabatda ýene-de bir taslamanyň gurluşygy babatda “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş” türk kompaniýasy bilen tölegsiz esasda baglaşmaga ygtyýar berildi.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk dabaralaryna gatnaşmak üçin gelen Türkiýäniň “Çalyk Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.
Türk işewürli duşuşykdan soňra beren beýanatynda Türkmenistanyň Prezidentiniň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabynyň türk diline terjime edilendigini habar berdi.
Mälim bolşy ýaly, “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş” türk kompaniýasy Türkmenistanda birnäçe döwrebap saglyk merkezilerini gurup, ulanmaga berdi.
Tatarystanyň Prezidenti “GaraÅŸsyzlyk” ordeni bilen sylaglandy