SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaýda 1 milliard doza sanjym edildi

Hytaýyň lukmanlary ýurduň ilatyny koronawirus ýokanjyna garşy köpçülikleýin sanjym etmekde 1 milliard dozalyk sepgide ýetdi. Bu barada Hytaýyň Saglygy goraýyň we arassaçylyk meseleleri boýunça dwölet komiteti habar berýär.

Komitetiň 2021-nji ýylyň 19-njy iýundaky hasabatyna görä, Hytaýyň 31 adminitratiw birliginde umumylykda 1,01 milliard doza täze görnüşli koronawirus ýokanjyna garşy sanjym edildi.

Hytaýda sanjym işleri 2020-nji ýylyň 15-nji dekabrynda başlady. Fewral aýynyň ahyrynda 54,52 million ilata sanjym paýlandy. 1-nji aprelde 126,6 million, 1-nji maýda 270,41 million we 1-nji iýunda 681,9 million sanjym edildi.

Hytaýyň öňdebaryjy epidemiology Çžun Nanşan iýun aýynda ýurduň hökümeti ilatyň 40 göterimini sanjym etmegi meýilleşdirýär. Ol hem 1,4 milliarddan gowrak ilatly Hytaýda 560 million adama deň bolar.

 

Türkmenistanyň Prezidenti Antoniu Guterrişi gutlady

Ýene-de okaň

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» welaýatara göni uçuşlaryň gerimini giňeldýär

Hytaýyň Aşgabatdaky ilçihanasy konsullyk bölüminiň kabul ediş günlerini wagtlaýyn artdyrdy

Aşgabat–Türkmenbaşy ugry boýunça 4 sany uçar gatnawy ýerine ýetirilýär

“Air Belgium” Aşgabat arkaly ýük awiagatnawlaryny ýola goýmaga taýýarlanýar

Aşgabatda ekologiýa we durnukly ösüşe bagyşlanan eko-festiwal geçiriler

Türkmenistanda enäniň we çaganyň saglygy boýunça 5 ýyllyk maksatnama tassyklandy