Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Türkmenistanyň “Garaşsyzlyk” ordeni bilen sylaglandy.
“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti bilen atarystan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda ikiçäk we iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde gepleşikler geçirildi. Şol gepleşikleriň barşynda Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürmäge degişli meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşldy.
Gepleşikler tamamlanandan soňra Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa Türkmenistanyň “Garaşsyzlyk” ordenini gowşurmak üçin dabara guraldy. Şol dabarada Rustam Minnihanowyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekdäki ornunyň uludygy bellenildi we myhmana mynasyp bolan ordeni gowşuryldy.
Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti bu ýokary döwlet sylagy üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de bu sylagyň iki doganlyk halklaryň gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrjakdygyny belledi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglowy hem kabul etdi.
Sankt-Peterburg şäheriniň gubernatory Aleksandr Beglow mundan başga-da, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy.