DÜNÝÄ

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon toparynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça ýapon-türkmen toparynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Tsubaýyň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda, esasanam söwda we ykdysady ugurda hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, agzalan özara hyzmatdaşlygyň möhüm guraly hökmünde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hereket edýän toparlaryň çykyş edýändigini bellediler.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar iň ýokary we ýokary derejelerdäki saparlara döwletara gatnaşyklarynyň ösmeginde möhüm ähmiýet berilýändigini nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň saparynyň we netijeli duşuşyklaryň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Nebit-gaz, himiýa we oba hojalygy pudaklarynda täze taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilşi bilen baglanyşykly meselelere seredildi. Mundan başga-da, gepleşikleriň dowamynda energetika, gaz himiýasy pudaklarynda, uglerod bitaraplygy we metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine üns çekildi.

Söhbetdeşler şu ýylyň awgust aýynda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» formatynda Astana şäherinde geçiriljek sammitine taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon we ýapon-türkmen toparlarynyň 15-nji mejlisiniň guramaçylyk meseleleri barada pikir alyşdylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ilçisi Transhazar ulag geçelgesine bagyşlanan ýokary derejeli duşuşyga gatnaşdy

TDG-niň Baş sekretary Türkmenistanyň Baş konsuly bilen duşuşdy

Keniýa Respublikasynyň Ilçisi özüniň ynanç hatyny gowşurdy

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň üýtgeýän sebit gün tertibindäki strategik hyzmatdaşlygy

Türkmenistanyň wekiliýeti «GREEN EXPO 2027 Yokohama» halkara bagbançylyk sergisine gatnaşyjylaryň halkara duşuşygyna gatnaşdy

Mergen Kepbanow: Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjana sapary strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini tassyklady