DÜNÝÄ

Aşgabat-Daşoguz demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak taslamasy maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanyň demir ýol ulaglarlary ministri Mämmet Akmämmedowyň ýolbaşçylygynda we Ýewropanyň demir ýol ulaglary Maýa goýum bankynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň maksadynda  şu aşakdakylar göz öňünde tutulan:

1) Türkmenistanyň demir ýol infrastrukturasyny ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak.

2) Ýük daşamak amallarynda açyklygyň üpjün edilmeginiň, şeýle hem infrastruktura baglanyşygynyň we tranzit mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin päsgelçilikleri aradan aýyrmagyň möhümdigini göz öňünde tutup, sanly demir ýol ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny Ýewropa Maýa Goýum Bankyndan maliýeleşdirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek

3) Ýük daşamak kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň demir ýol administrasiýasy EIB-den karz almak mümkinçiligini öwrenmek

4) Wagonlar, teplowozlar we aragatnaşyk bölekleri üçin ätiýaçlyk şaýlar üçin karz almak mümkinçiligini maslahatlaşmak göz öňünde tutuldy.

Şonuň bilen baglylykda Türkmenistanda demir ýol ulaglary ulgamynda infrastruktura taslamalaryna tehniki kömek bermek boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde bar bolan Aşgabat — Daşoguz demir ýoluny döwrebaplaşdyrmak üçin karz almak mümkinçiligi, şeýle hem tehniki-ykdysady esaslandyrmany (TES) taýýarlamak üçin grant serişdelerini bölüp bermegiň mümkinçiligini göz öňünde tutmak ýaly birnäçe meseleler maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi