BIZNES

“Gucci” markasy hakynda maglumat

Häzirki wagtda meşhur markalar diýenimizde ilkinjiler hatarynda göz öňümize gelýänleriň biri hem Guccidir. Şu ýerde bu marka hakynda täsirli maglumatlary belläp geçesimiz geldi.

Guccio Gucciniň adyny göterýän “Gucci” markasy 1921-nji ýylda döredilipdir.  Guccio 40 ýaşynda bu markany döredip,  logosy hem onuň özüne degişlidir. Ilkibadalar Gucci deriden ýantorbalar, gapjyklar döretdi we şolar esasynda meşhurlyga eýe boldy.

1953-nji ýyla çenli kompaniýany Guccionyň özi ýöretdi. Şol ýyl aradan çykanlygy sebäpli kompaniýany ogullaryna miras goýdy.  Guccionyň ogullary öz öndürýän zatlaryny Golliwudyň meşhurlaryna tanatdy. Dünýä belli adamlaryň “Gucci” markaly egin-eşigi geýmegi bu kompaniýanyň adyny arşa galdyrdy.

Gucciniň soňky logosyny  Guccionyň ogullary kakasynyň adyny ýöretmek hem-de kakasynyň hatyrasyny dikeltmek üçin  2sany “G” şekili ýerleşdirdi.

Marka 1980-nji ýyllarda çöküşlige sezewar boldy. Soňra olar meşhur owtomobil markalary bilen birigip, kompaniýany hasam ulaltmagy maksat edinýärdi. “Ford” ýaly owtomobil markalary bilen şertnama baglanyşdy.

1998-nji ýylda  Gucciniň döreden Genius Jeans 3.134 dollara satyldy we Guinness rekortlar kitabyna girizildi.

“Primetime Emmy Awards 2021”

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Özbegistan söwda dolanyşygyny 2 milliard dollara ýetirer

Türkmenistan ulag ulgamyna 48 milliard manatdan gowrak maýa goýdy

Günorta-Günorta hyzmatdaşlygy: ösüşiň täze ugry

Tramp: ABŞ Pakistanda nebit gözlär

Azerbaýjanyň tebigy gazy Siriýa iberilip başlanýar

Türkmenistan Türkiýä tebigy gaz ibermekde öňdäki orunlary eýeleýär